GARAŞSYZLYK — BAGTY TÜRKMENIŇ
23-09-25
Gadymy hem müdimi türkmen ilinde toýlar toýa ulaşýar. Şu günler Diýarymyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy uludan tutulýar. Garaşsyzlygyň hözirini görüp ýaşaýan ildeşlerimiz mukaddes baýramçylygy mynasyp sowgatlar bilen garşylamak ugrunda joşgunly zähmet çekýär. Öz halkyna berkarar döwleti, bagtyýar zamanany bagş eden Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy dünýä ýüzünde asudalygyň we ösüşleriň mekany hökmünde ýene bir gez belende göterdi. Gysga döwrüň içinde amala aşyrylan beýik işler türkmen döwletiniň Garaşsyzlygyny alyp, hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolanyndan soň, saýlap alan ugruna ygrarlydygyny ýene bir gezek dünýä mälim etdi.
Ýurdumyzyň älem giňişligindäki at-abraýy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň gadyr-gymmatyna, mazmunyna has aýdyň düşünmäge, ondan gelip çykýan wezipeleriň iş ýüzünde netijeli amala aşyrylýandygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýän buýsandyryjy ýagdaýdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda bütin dünýäde parahatçylygy gorap saklamak, dünýä döwletleri bilen ylalaşykly ýaşaşmak, syýasy-ykdysady, sosial-medeni ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde orta çykdy. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde bu ugurda Türkmenistan görlüp-eşidilmedik derejelere eýe boldy. Diýarymyz diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde parahatçylyk, durnukly ösüş ugrunda tagalla edýän ýurt hökmünde uly abraýa eýe boldy.
Ýurt Garaşsyzlygymyz Türkmenistanyň syýasy taýdan kämil, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmegine şert döretdi. Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan adyl içeri we dabaralanýan daşary syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletimiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda ägirt uly ýeňişlere eýe bolundy. Güneşli Diýarymyzyň öz Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen, bu topragyň bereketi, sahawaty has-da artdy. Iňňän gysga taryhy döwürde bütin ýurtda düýpli özgerişlikleri emele getiren tutumly işleriň başy başlandy.
Hormatly Prezidentimiziň Watany söýmek, garaşsyzlyga guwanmak baradaky taglymaty bu gün halkymyzyň eý görýän ýörelgeleriniň birine öwrüldi. Hawa, halk bilen Watan bir ten, bir jan bolanda, il-gün bir Başa uýanda bähbitler birleşýär, maksatlar myrat tapýar. Topragyň berekedi, hasylyň hümmeti artýar. Durmuş, ýaşaýyş süýjeýär, ömürler uzaýar, eller uzadan ýeriňe ýetýär. Agzybirlik, asudalyk, jebislik Watany özgerdýär, onuň abraýyny mertebesini belende göterýär, şanyna şan goşýar, şöhratyny artdyrýar.
Biz ajaýyp Watanda – Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaşaýarys, oňa guwanýarys we tüýs ýürekden buýsanýarys. Çünki biziň ajaýyp Watanymyzda bizi eşretli durmuşda ýaşadyp, ýeňişlerden-ýeňişlere, belentliklerden-belentliklere ýetiren Gahryman Arkadagymyz şeýle-de peder ýoluny mynasyp dowam etdiren Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar. Bu günki gün bize hormatly Prezidentimiziň ýörän ýoly ýörelge, nusgalyk işleri görelde, çuň manyly öwüt-ündewleri dillerimizde sena bolup ýaňlanýar. Bir söz bilen jemläp aýtsak ýüreklerde Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş joşýar.
Goý, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Altynaý KAKAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň iňlis dili mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.