GARAŞSYZLYK — BAKY BAGTY TÜRKMENIŇ

12-09-25

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygyndan rowaç alyp, bedew bady bilen şöhratly geljege tarap öňe barýan Garaşsyz Türkmenistan bu gün ata-baba arzuw-yhlaslary siňen garaşsyz döwletde asuda asmanyň astynda, parahat durmuşda ýaşaýar. Bu gün halkymyzyň erkanalyk, garaşsyzlyk duýgulary Watan ykbaly bilen sazlaşyp, bagtyýar geljege röwşen nuruny saçýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmeniň belent ykbally geljegi bolup, ýaşaýyş mukamynyň şirin owazyna öwrülip, jümle-jahana ýaň salýar. Bagtyýar milletiň ykbaly hem-de kalby bolup gülleýän Garaşsyz Türkmenistanyň at-owazasy bu gün dünýä dolýar. Garaşsyz türkmen döwletiniň abraýyny, milli medeniýetiniň we sungatynyň şan-şöhratyny jümle-jahanda dabaralandyrýan Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň mertebesi halkara jemgyýetçiliginiň öňünde täze belentliklere göterilýär.

Beýik Garaşsyzlyk taryhy ýollary gahrymançylyga beslenen gaýduwsyz hem merdana türkmen halkynyň asyrlarboýy ýüreklerde beslän arzuw-umytlarynyň, islegleriniň amala aşmagydyr, milli ruhunyň täzeden dabaralanmasydyr. Şol sebäpli-de, türkmen halkyny berkarar döwletlilige, sowulmaz döwranlylyga, ykbal çözüji özbaşdaklyga ýetiren Garaşsyzlygyň şanly senesi halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Şol senäniň özbaşdak Türkmenistan döwletiniň bagtyýar geljegine aýdyň şugla saçmagy tebigy kanunalaýykdyr. Garaşsyzlyk — türkmen ruhunyň we mertebesiniň dabaralanmasydyr. Garaşsyzlyk — halkyň bakylygydyr we bagtyýar ertirine, müňýyllyklara uzaýan ak ýoludyr. Garaşsyzlyk — halkyň millet hökmünde dünýä döwletleriniň arasynda ykrar edilmesi. Taryhyň synaglarynda başy belent bolan, geçmişi şan-şöhrata beslenen edermen türkmen halky bu gün Garaşsyzlygyň gymmatyna düşünip, oňa mukaddeslik hökmünde baş egýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halky ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygyny Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda uly dabara bilen belläp geçer. Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen döwletiniň binýadynyň berkden tutulmagynda, Watan ykbalynyň täze belentliklere göterilmeginde, özbaşdaklygyň erkin şemalyndan rowaç alyp, gülläp ösmeginde çuňňur watansöýüjiligiň nusgasyny görkezýär hem-de ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryny, berkarar döwletlilik baradaky ynamlaryny dabaralandyrýar.

Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ykrar eden, halklar arasynda parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerinden ugur alýan hyzmatdaşlygyň ösmegine giň ýol açyp, dünýäde we sebitde hoşniýetli gatnaşyklary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýdýarys.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Annabaýram ŞAMUHAMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyñ öwreniji mugallymy.

16946480e9ac61.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.


16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.