DEMOKRATIK ÝÖRELGELERI DABARALANÝAR
18-09-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ösüşleriň ähli ugurlary boýunça belent sepgitlere ýetmekde belent özgertmeler durmuşa geçirilýär. Agzybirlik, watansöýüjilik, goňşular bilen hoşniýetli gatnaşyklarda bolmak, döretmek, gurmak türkmen jemgyýetiniň esasy ýörelgesidir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň güneş nuruny boldan eçilýän günlerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň toýlanyljak günleriniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçirilmegi halkymyz üçin aýratyn ähmiýetlidir.
Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna uly orun degişlidir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän we Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Bu edara Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda döredilip, ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň ýaýbaňlanmagyna täze itergi berildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ata-baba dowam edip gelýän demokratik ýol-ýörelgeleriň, döwlet ähmiýetli meselelerde ilatyň her bir gatlagynyň pikirini, isleg-arzuwyny diňlemegiň möhüm guraly hökmünde bellidir.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda mynasyp dowam edýändiginiň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraý-mertebesi barha artýar. Täze taryhy dö-würde döwletimiziň berkararlygy, jemgyýetimiziň galkynyşy ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine, milli döwletliligimiziň köpasyrlyk asylly däplerine daýanýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzda durmuşa geçirilýän uzak möhletli halk bähbitli özgertmeleri, möhüm çözgütleri ýaşuludyr ýaşlara sala salyp, açyklyk, aýanlyk, adalatlylyk esasynda ara alnyp maslahatlaşmaklyga, olardan gelen teklipleri işläp taýýarlamaklyga gönükdirilendir. Şeýle hem, Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermeklige degişli wezipeleri çözýär.
Hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen taglymaty esasynda halk bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynda garaljak çözgütler döwlet bilen adamyň arasyndaky sazlaşykly gatnaşyklary, jemgyýetimizdäki her bir şahsyýetiň, ylaýta-da, ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn ösüşini, abadan durmuşynyň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyny üpjün etmeklige gönükdirilendir. Mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilip, ähli ulgamlarda gazanylan üstünliklere baha berilmegi, täze maksatlara ýetmek üçin wajyp wezipeleriň kesgitlenilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Her bir güni şanly wakalara beslenýän Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda amala aşyrylýan beýik işler häzirki döwürde bu möhüm maksatnamada bellenilen wezipelere üstünlikli amal edilýändigine şaýatlyk edýär. Bu günki gün ýurdumyz ösüşleriň aýdyň ýolundan bedew bady bilen öňe barýar.
Geljegimiz bolan ýaş nesliň amatly şertlerde ýaşamagy, dynç almagy, zähmet çekmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin kanunçylyk binýadyny kemala getirmek, ýaşlaryň durmuş kepilliklerini gorap, olaryň geljekde watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda ähli zerur tagallalary etmek ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny düzýär. Watan biziň keramatly öý-ojagymyz, ýaşaýan, okaýan, halal zähmet çekýän ýerimizdir, diýmek, halk bar ýerinde Watan bar. Ýaşuly nesliň gymmatly tejribesiniň üsti bilen nesilden-nesle geçirilýän ata Watana, ene topraga gulluk etmek terbiýesi ýaşlarymyzyň kämil şahsyýet bolup ýetişmeklerinde iň bir beýik häsiýetdir. Halk bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris!
Aýbölek PERDÄÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.