Ylym – iň gymmatly hazyna
05-06-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyzyň ykbalynyň täze sahypalaryny ýazmak bilen, ähli ugurlarda asyrlara barabar ösüşleriň amal ediljek zamanasy. Şol ösüş-özgerişleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde bolsa Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda amala aşyrylan işler, durmuşa ornaşdyrylan täzeçillikler badalga bolup durýar. Şunda iň esasy orunlaryň biri ylym-bilime degişlidir.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinden ýurdumyzda ägirt uly özgerişliklere, täze gözýetimlere sary badalga alyndy. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Döwletimiziň ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ösüşi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny berkitmäge gönükdiriler» diýen sözleri bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň depgininiň günsaýyn artdyryljakdygyna ynamy goşalandyrdy. Bu aýdylanlaryň eýýäm şu günki günlerde durmuşa geçirilýändigine bolsa biz, bilim işgäri hökmünde gündelik işimizde guwanmak, buýsanmak bilen göz ýetirýäris.
Aslyýetinde, türkmen topragy dünýä ylmynyň ösen, meşhur alymlaryň okan, zähmet çeken, döreden topragy. Bu topragyň gursagynda Muhammet Horezmi, Abu Reýhan Biruny, ibn Sina, Fahreddin Razy, Abu Bekir Muhammet as-Suly, Abdyrahman Hazyny, Omar Haýýam ýaly ägirtleriň ady ýazylan. Dünýä ylmynyň ösüşine uly goşant goşan şol ussatlaryň ýoly bu günki türkmenistanly ýaşlar üçin mukaddes ýörelge bolup durýar. Sebäbi diňe ylymdan bina bolan ýollar arkaly ösüşleriň belentligine aralaşyp bolýar. Şonuň bilen birlikde bu günki gün ýaşlarymyzyň ylymda we tehnologiýada gazanylanlary içgin özleşdirmekleri üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu babatda ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Tehnologiýalar merkezinde, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde bu ugurdan uly işler alnyp barylýar.
Ajaýyp zamanamyzda ylym-bilim babatda peýda bolan täzeçillikler zamananyň özgerişlikleri bilen ýurduň aýakdaş gopmalydygynyň görkezijisine öwrüldi. Muny sanly ykdysadyýetiň ýaşaýşymyza uly tizlikde hem giň gerimde ornaşmagy bilen baglanyşyklylykda täze ugurlara ýöriteleşen hünärmenleriň wajyplygynyň çözgüdiniň göwnejaý gözleglerinden hem görmek bolýar.Bu işleriň diňe bir şu günki ösüşlerimizde öz beýanyny tapman, eýsem, geljegimiziň görkanalygynda hem şöhlelenjekdigi ajap ertirler hakdaky täsin mukam kimin kalplara joşgun berýär.
Häzirki ajaýyp döwrümizde ussat, başarjaň, ýokary taýýarlykly, kämil hünärmenlere aýratyn üns berilýär. Hut şonuň üçin hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ylym ösdürilýär, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alyndy. Dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar önümçilige, bilime ýokary depginde ornaşdyrylýar. Şeýle hem okatmagyň multimedia-interaktiw usullarynyň ýola goýulmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan ylym-bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Mälim bolşy ýaly, jemgyýetiň ösüşinde ylym esasy orny eýeleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýeňişler, ýetilen belent sepgitler hem ylmyň, ösen aňyýetiň miweleridir. Bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alyndy. Dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar bilim ulgamyna ýokary depginde ornaşdyryldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen dürli ugurlary öz içine alýan kämil hünärmenler taýýarlanýar, okatmagyň multimedia-interaktiw usullary ýola goýulýar.
Hormatly Prezidentimiz ylmyň mundan beýläk hem ösdürilmegini, halkymyzyň asylly ýörelgesini dowam etmegi esasy ugurlaryň biri edip goýýar. Hormatly Prezidentimiz: “Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlygymyzdyr” diýip bellemek bilen, ylym-bilimiň, tehnologiýanyň ähmiýetini has-da belende göterdi. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, häzirki ajaýyp döwrümizde ylmyň iň täze gazananlary, tehnologiýalar ylym-bilim ojaklaryna berk ornaşdyrylýar. Şonuň üçin hem sanly bilim ulgamynyň mümkinçilikleri has-da artýar. Aslynda hem ylym-bilimli bolmak türkmen halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biridir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýen sözleri bu günki gün her bir ýaş ynsanyň, talybyň, bilim işgäriniň ýürek aýdymyna öwrüldi.
Näzik NOWRUZOWA,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.