Buýsanjymsyň, Garaşsyzlyk!

29-09-25

Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň bagtyýar, bolelin ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrýan beýik işleri halkymyzyň ruhubelentligini gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer, parahatsöýüjilikli syýasaty Watanymyzyň halkara abraýyny barha artdyrýar. Döwletimiziň berkararlygy, eşretlere eýlenen zamanamyz, ygtybarly ertirlerimize berk ynamymyz türkmen milletiniň döwletli-döwranyny, döwletimiziň binýadynyň mizemezligini nazarlaýan taglymatlaryň jemidir.

Häzirki wagtda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, dünýäde ylym-bilimde täze gazanylanlar durmuşa ornaşdyrylyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini çaltlandyrmak we özgerişleriň täze basgançaklaryna ýetmek ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Şol beýik işler jemgyýetimizi ösdürmegiň hereketlendiriji güýjüniň özenidir. Kämil maksatlar halkymyzyň watançylyk duýgusynyň ýokarlanmagyna, her bir adamyň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işlere dahylly bolmak, olara öz goşandyny goşmak höwesiniň artmagyna getirýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimize bolan uly söýgi ildeşlerimiziň kalbyny buýsanç, guwanç duýgularyna besleýär.

Biz bu gün ata-babalarymyzyň ynam-yhlasyndan binýat bolan türkmen binasyny «berkarar döwlet», güýç-gaýraty bilen gazanan döwletli döwranyny «bagtyýarlyk» diýip atlandyrýarys. Bu bagtyýarlyk atalaryň irginsiz yhlasy we aladasy, halal zähmeti we ýaşaýşa söýgüsi bilen dörändir. Bu berkarar döwlet bolsa Pyragynyň yşkynyň kemaly, arzuwlarynyň wysaly. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — yşkdan binýat bolan türkmen binasy.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň ady, şöhraty, mertebesi bu gün dünýä dolýar. Garaşsyzlyk bu Türkmen halkynyň mukaddes baýramlarynyň biridir, ata-babalarymyz, pederlerimiziň taryhynda müňýyllyklaryň dowamynda Garaşsyz bolmak barada arzuw edip gelipdirler. Şol merdana pederlerimiziň, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşap gelen arzuw-umytlary, erk-islegleri nesil dowamatynda täze ruhda, täze öwüşgünde 1991-nji ýylda hasyl boldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige  göterilmesidir. Garaşsyzlyk nury halkyň bagtyýar eşretine uzaýan ak ýoluna baky öçmejek ýalkym saçdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň ykbaly gülledi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan hem-de onuň peder ýoluny dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary bilen bu gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dünýäniň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan täze önümçilik desgalarynyň, medeniýet merkezleriniň, ylym-bilim, saglyk toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, obalaryň halkara derejesinde abadanlaşdyrylyp, döwrebap şäherleriň we obalaryň peýda bolmagy şeýle-de ençeme desgalar Garaşsyzlygyň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň baş ymaratydyr. Garaşsyzlyk özbaşdak döwletlilik beýik pederleriň arzuwlan  Watanydyr!

Dünýäde parahatçylyk ýoly bilen gadam basmakdan, deňi-taýy bolmadyk gözellikleri döredip, onda öz bagtyňy şöhlelendirmekden, älemde beýik ynsanperwer ýörelgeler bilen tanalmakdan uly bagt barmy?! Ine, şol bagtyň agzybirlige ýugrulan sergin şemaly halkymyzy abadan ýaşaýşyň ruhuna gaplap aldy. Merdana pederlerimiziň jahany baglan şan-şöhraty bilen berkarar bolan ýurt Garaşsyzlygy — pederlerimiziň arzuwlan parahatçylygynyň durmuşa ornaşdyrylan subutnamasyna öwrüldi.

Bu gün türkmen halky her bir ynsanyň bagtly bolmagy, gijeleriniň rahat, gündizleriniň parahat bolmagy üçin alada edilýän beýik zamanada eşretli durmuşda ýaşaýar. Ýene sanlyja günden şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuny zähmet üstünlikleri bilen garşy aldy. Garaşsyz Watanymyzyň ylymda-bilimde, medeniýetde, sungatda, saglygy goraýyşda, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda, içeri we daşary syýasatynda uly üstünlikler gazanmagy döwletimiziň gün-günden artýan halkara abraýyny has ýokary göterýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde ýaş nesillerimiziň hem egsilmez paýy bar. Täze döwrüň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş nesilleriniň ýurdumyzyň öňegidişliklerine goşýan goşantlary has-da dabaralanýar. Bu gün belentden-belent ösüşlere sary ýol alan eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň, senagatynyň islendik pudagynyň ösüşinde ýaşlaryň ornuny görmek bolýar. Ýaşlarymyzyň her biri Garaşsyzlyk toýuna özleriniň mynasyp zähmet ýeňişleri bilen barýarlar.

Garaşsyzlyk döwrüniň nesli indi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atalarynyň altyn ýoluny dowam edýärler. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu babatda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip ynam bildirýär. Ynam mukaddesdir. Ynama ygrarly, borjuna wepaly watançy nesiller il-günümiziň guwanjydyr. «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýmeginde hem ýene ýaş nesle — beýik geljege ynam bar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ylymly-bilimli ýaşlar bilen öňe barýar. Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, bagtyýar durmuşymyz hem-de beýik geljegimiz üçin gijesini gündiz edip alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Sähragül ARAZGELDIÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 26-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

“Dialog – parahatçylygyň kepili”

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.


SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.


ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.


«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere  beslenýär. 


«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.