Habarlar
Habarlar
16907b27142750.jpeg
5 aý ozal
Suwda ýüzmek — saglygyňy berkitmek

Suwda ýüzmek sportuň ynsan saglygyny berkitmekde iň peýdaly görnüşleriniň biridir. Gadymy döwürlerden bäri belli bolan suwda ýüzmek sportunyň häzirki döwürde dürli görnüşleri bolup, olaryň her biriniň ynsan bedeniniň kesgitli bölegine ýetirýän özboluşly peýdasy bardyr.

1695adbe13c342.jpeg
5 aý ozal
Saglygy goraýyş ulgamy ýaş nesliň goragynda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda güneşli Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylyp, her bir güni şanly wakalara beslenýän döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly ýurt hökmünde dünýäde ösen döwletleriň hatarynda tanalýar. Bu gün halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen tutumly işler has-da rowaçlanyp, oňat netijesini berýär.

1695d6fbf03a6d.jpeg
5 aý ozal
Lukmançylyk ulgamynyň belent sepgitleri

Saglygy goramak, bedenterbiýe we sport Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň durmuşynyň möhüm ulgamlary bolup durýar. Raýatlarymyzyň sagdyn bolmagy Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, adamlaryň bagtyýar we abadan durmuşynyň möhüm şertidir. Her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenip geçilýär.

1695abda691337.jpeg
5 aý ozal
BAGTYÝAR GELJEGIŇ EÝESI ÝAŞLAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ýörelgelerimiz, halkymyzyň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan däp-dessurlary häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýär, ruhy gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýulýar. Şeýle asylly ýörelgeleri, däp-dessurlary ýaş nesillere öwretmek, olaryň bilimli bolmagyny üpjün etmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

1695b961d03c46.jpeg
5 aý ozal
Milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi

Döwrebap dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ulanmak arkaly jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ykrar etmek babatda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň ähmiýeti uludyr. Bu maksatnamada bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary ulgamynyň işgärleriniň bitirýän hyzmatlary diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem dünýä döwletleri tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.

1695abb8e44475.jpeg
5 aý ozal
Bi­lim bi­len hik­met — al­tyn­dan gym­mat

Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­my­zy hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek­de ylym-bi­li­miň or­ny ulu­dyr. Çün­ki äh­li ösüş­ler ylym-bi­li­miň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Bu ugur­da kä­mil hü­när­men­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gy, yl­myň ga­za­nan­la­ry­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ma­gy ösü­şiň berk bin­ýa­dy ha­sap­la­nyl­ýar.

1695b959c9787b.jpeg
5 aý ozal
Sagdynlyk – bagtyýar durmuşyň berk binýady

Eziz Diýarymyzda raýatlaryň saglygyny goramak babatda durmuşa geçirilýän tutumly işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen döwlet ideologiýasyny dabaralandyrýar. Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek maksady berkarar döwletimizde alnyp barylýan ähli işleriň özenini düzýär.

1695ab9db05287.jpeg
5 aý ozal
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak ugrunda

Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhy taýdan kämil nesilleri kemala getirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki degişli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

1695b956370a8c.jpeg
5 aý ozal
Sag başym — soltan başym

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň her bir raýatynyň okamagy, öwrenmegi, alan hünäriniň eýesi bolmagy, zähmet çekmegi hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi, sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilen. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryny ýörelge edinýän halkymyz abadan, parahat durmuşymyzyň hatyrasyna alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmaga çalyşýar.

1695aa614e52b4.jpeg
5 aý ozal
«Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çirilýär

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, yn­san öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­mak, «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek, hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len bu ugur­da hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak ug­run­da ýur­du­myz­da giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.