Habarlar
Habarlar
Bedenterbiýe-sagaldyş hereketi — sagdyn durmuşyň kepili
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistan döwletimizda halkymyzyň saglygy goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär.
Şanly ýylyň belent ruhy bilen
Türkmen halky 2025-nji ýyly uly üstünlikler bilen jemläp, täze — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny ruhubelentlik bilen garşy aldy. 2026-njy ýyla şeýle at berilmegi hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde yglan edildi.
Saglygy goraýyş ulgamy – döwlet syýasatynyň möhüm ugry
Halkymyzyň saglygyny ýurduň baýlygyna deňeýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladasy bilen, her bir raýatyň sagdyn bolmagy ugrunda ähli şertler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, adamyň ömrüni uzaltmakda we şol bir wagtyň özünde, halkara talaplara laýyk gelýän, maddy tehniki üpjünçiligi ýokarlandyrmakda, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmakda döwlet tarapyndan ägirt işler amala aşyrylýar.
Saglygy goraýyş ulgamynyň beýik özgertmeleri
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hem-de saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmegiň çäklerinde giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şol işleriň netijesinde adamlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygy artýar. Iň täze enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş merkezlerinde ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň ilat üçin elýeterli bolmagy, öňüni alyş çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi esasynda ilatyň kesellemek derejesi peselýär.
Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek — saglygy berkitmek
Arassaçylyk — bu adam saglygyny berkitmek we saklamak baradaky ylymdyr. Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi her möwsümde ýüze çykyp biljek birnäçe ýokanç keselleriň öňüni alýar. Keseller, esasan, hapa ellerden, talabalaýyk bişirilmedik iýmitden we arassalanylmadyk suwdan geçýär. Saglygy berkitmek üçin hökmany suratda arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli.
Saglygy goraýyş ulgamynyň buýsandyryjy üstünlikleri
«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösen döwletleriň derejesine çykarmak, ýokary lukmançylyk hyzmatlaryny kepillendirýän milli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
Daşky gurşawyň goragy — sagdyn durmuşyň özeni
Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde eden çykyşynda ekologiýa meseleleri boýunça umum adamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürdi. Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň abraýly münberinde beýan eden ekologiýany gowulandyrmak baradaky başlangyçlarynyň ähli halk goldawyna eýe bolandygyna begenjimiziň çägi ýok.
Saglyk – ruhubelentligiň çeşmesi
Beýik ösüşlere beslenýän zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda milli saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmekde edilýän aladalar ýurdumyzda ynsan saglygynyň döwletiň iň gymmatly baýlygy hökmünde möhüm orna eýedigini aýdyň görkezýär.
Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri — ýurdumyzyň tebigy dermanhanasy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly baştutanlygynda başy başlanan Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki ugurdaş maksatnamalar eziz Watanymyzyň ilatynyň saglygyny ählitaraplaýyn goramaga, ýaşlary sport bilen yzygiderli meşgullanmaga giňden çekmäge ýardam edýär.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasy – halkyň bagtyýarlygynyň özeni
Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylda lukman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, 2015-nji ýylda bolsa onuň rejelenen görnüşi kabul edildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu maksatnamanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, tutuş ýurdumyzda dabaraly çäreler geçirildi. Olarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler barada gürrüň edildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.