BILIM ULGAMYNDAKY MÜMKINÇILIKLER – INNOWASION ÖSÜŞLERIŇ BADALGASY

12-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ylym-bilimi ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýär. Ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, ony häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk getirmek, multimedia tehnologiýalaryny, interaktiw usullary ulanmak esasy wezipe bolup durýar. Şu wezipäni ýerine ýetirmek üçin mekdebimiziň mugallymlary hem uly tagalla edýärler. Eziz Diýarymyzyň geljekde has-da gülläp ösmegi üçin mekdepde çagalara bilim, terbiýe bermekde okatmagyň dürli usullaryndan peýdalanmak möhümdir. Bu­la­ryň äh­li­si ýaş nes­liň ze­hin-ba­şar­nyk­la­ry­nyň art­ma­gy­na, bi­lim­le­ri­niň, aň­la­ry­nyň kä­mil­leş­me­gi­ne oňaý­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ösüşiň täze mümkinçiliklerini döredýär. Bu ilkinji nobatda döwrebaplyk bolup, işleriň tiz durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Şonuň üçin hem eziz Diýarymyzda dürli pudaklar sanly ulgama geçirilýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda elektron senagaty, elektron tehnikalaryň önümçiligi ýola goýulýar. Milli ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň, eksport harytlarynyň möçberlerini artdyrmagyň, elektron senagatyny döretmegiň döwlet maksatnamalary hem üstünlikli amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: “Ýaş nesillerimiziň bilimleriň we ylym-laryň esaslaryny, akyl we fiziki zähmet endiklerini özleşdirmeklerini, olarda ýokary ahlak sypatlaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek üçin mugallymlarymyz hemişe döredijilik gözleginde bolmalydyrlar”. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu aýdanlaryndan ugur alyp her bir bilim işgäri sapaklary innowasion esasda guramak üçin täze tehnologiýalary ulanýar. Şol esasda hem häzirki wagtda okuw-terbiýeçilik işiniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin sapaklaryň guralyşyna aýratyn üns berilýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda öňe sürülýän adyl we ynsanperwer syýasatyň düýp özeninde ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagyna, saýlap alan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek ýaly asylly ýörelgeler bar. Garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmak, hemişelik Bitaraplygymyzy halkara derejesinde berkitmek, ýurdumyzyň aýdyň geljegini bina etmeli türkmen ýaşlaryny ylym-bilim taýdan kämil, ukyply edip ýetişdirmek ýaly işleri amala aşyrmak biziň her birimiziň öňümizde anyk wezipeleri goýýar. Bu wezipeleri ýerine ýetirmäge bolsa ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilendir. Garaşsyz Watanymyzyň ähli ýerlerinde orta we ýokary okuw mekdepleriniň täze binalarynyň, döwrebap çagalar baglarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, ol binalarda dünýä ülňülerine laýyk okuwlary guramaga, sanly ulgamdan peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredilendir. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp häzirki wagtda türkmen ýaşlary sebit we halkara derejesindäki ýaryşlarda we bäsleşiklerde abraýly orunlary eýeläp, gymmat bahaly baýraklara mynasyp bolýarlar.

Täze döwür örän çalt depginler bilen özgerýän sanly tehnologiýalaryň zamanasydyr. Sanly ulgama geçmek işleri bilim ulgamynda hem güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Biziň Watanymyzyň geçmiş taryhyna ser salanymyzda, bu toprakda ylym-bilim bilen meşgullanyp, dünýä ähmiýetli açyşlary edip, atlaryny taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazmagy başaran birnäçe alymlar, söz ussatlary, dana şahyrlar diýseň köp bolupdyr. Olaryň bize goýup giden gymmatly mirasyny öwrenip, geljekki nesillerimize ýetirmek bolsa esasy wezipeler bolup durýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” hem dünýä ösüşi bilen deň derejede gidýär, ähli pudaklara täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu işlerde ýaş hünärmenleri taýýarlamak, ylym-bilimi ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şol alnyp barylýan işleriň netijesinde mekdeplerde guralýan sapaklarda tehniki serişdeleri, kompýuterleri, multimedia tagtalaryny ulanmak giňden ornaşdyrylýar. Innowasion tehnologiýalara esaslanýan sanly ulgamy yzygider ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Menzil NURMURADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuserçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.