ASYLLY MAKSATLARY ROWAÇLANDYRÝAN BITARAPLYGYŇ BAGTYÝAR ÝOLY

12-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli we aýdyň maksatly işler netije berýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär. Munuň özi dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini wagyz etmekde, hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ägirt uly mümkinçilikleri diňe bir ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek üçin däl, eýsem, halklaryň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni, ynsanperwer ýaly ugurlarda giň hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ýardam edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi we has oňaýly dynç almagy babatda ähli şertler döredilýär. Şu günki bagtyýar durmuşymyzda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde peýda bolýan täze desgalardyr binalar diňe bir ilatyň ähli ýaşaýyş oňaýlyklaryndan peýdalanyp ýaşamaklaryna şert döretmek bilen çäklenmän, eýsem, döredijilikli zähmet çekmäge, Watanymyzyň ösüşine buýsanmaga, ýurdumyzyň mundan beýläkki ykdysady, medeni ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. Bu işler “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” esasynda alnyp barylýar.

Täze taryhy eýýamda Watanymyzyň halkara jemgyýetçiligi bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürilýär. “Açyk gapylar” syýasaty ýurdumyzyň halkara giňişliginde howpsuzlygy kepillendirýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilendigine we parahatçylygyň merkezine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän döwletimiziň dünýädäki abraýyny barha ýokarlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly beýik taglymaty parahatçylygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň aýdyň ýoluny beýan edýär. Parahatçylyk halklaryň abadan durmuşydyr, her bir adamyň baky bagtydyr. Şonuň üçin hem häzirki ajaýyp döwrümizde parahatçylyk söýüjilikli ýoly wagyz etmek we dünýäde giňden dabaralandyrmak asylly ýörelgä öwrüldi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda asylly ýörelgä eýerip, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny toýlarys. Hemişelik Bitaraplyk dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga giň mümkinçilik döredip, bu ugurda ummasyz goşandyny goşýar.

Halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilikli, päk niýetli, ynsanperwer däplerimizi dünýä ýaýmak, ýaş nesliň kalbyna guýmak hemmämiziň watançylyk borjumyz bolup durýar. Bilim işgärleriniň öňünde durýan uly wezipe oňyn bitaraplygymyzyň gymmatyny ýaş nesillere düşündirmekdir. Şu gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine 30 ýyl doldy. Bu beýik dereje türkmen halkynyň abraýyny belende göterýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edildi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen bilelikde, sebitde syýasy durnuklylygy goldamakda, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde uly orun eýeleýär. Hemişelik Bitaraplygyň parahatçylykly, dostlukly ýoly bilen durnukly ösüşlere eýe bolan Diýarymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmen jemgyýetiniň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagy üçin zerur şertler döredilip, ýurdumyz ägirt uly ösüşlere, oňyn özgertmelere beslenýär. Şunda dünýäde parahatçylygy wagyz etmek, hemişelik Bitaraplygyň asylly maksatlaryny rowaçlandyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Azat MERGENOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Adam anatomiýasy topografiki anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň mugallymy.

BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.


«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.


«BITARAPLYK, DOGANLYK — SAÝLAN AÝDYŇ ÝOLUMYZ!»

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Seradrymyz «Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň maksady halkara hukugyň kadalaryna hem-de borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini asuda, abadan durmuşyň, döredijilikli ösüşiň bähbidine gönükdirmekden ybaratdyr» diýip belleýär.


16926875026bf9.jpeg
«Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli sanly ulgam arkaly «Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.