Habarlar
Habarlar
Ynsan saglygynyň goragynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny goramak meselesine aýratyn ähmiýet berlip, ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry saýylýar. Milli saglyk ulgamynda gazanylýan uly özgertmeler Hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýandygy baradaky beýik hakykatyň güwäsi bolup durýar.
Sagdynlyk syýasaty — sahawatyň seresi
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň her bir raýatynyň okamagy, öwrenmegi, alan hünäriniň eýesi bolmagy, zähmet çekmegi hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi, sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilen. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryny ýörelge edinýän halkymyz abadan durmuşymyzyň hatyrasyna alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmaga çalyşýar.
Sport - abadan durmuşyň sakasy
Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn üns berilýär.
Ynsan saglygy hakyndaky alada
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda hormatly Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler netijesinde ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary edilýär.
Sagdyn jemgyýet - kuwwatly döwlet
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýratyn aladalary netijesinde ilatyň saglygyny goramak meseleleri döwlet hem-de şahsy häsiýetli ileri tutulýan derejelere geçip, durmuş-ykdysady ösüşiň hemme taraplaryny we ugurlaryny gurşap alýar. Röwşen ertirimiz üçin irginsiz zähmet çekýän hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary netijesinde ýurdumyzda sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirlen toplumlaýyn çäreler yzygiderli alnyp barylýar.
Halkyň saglygy – döwletiň baş baýlygy
Ynsan ömründäki ähli lezzeti, şatlygy, süýjüligi, gününden hoşnutlygy diňe saglygy bilen duýýar. Şonuň üçin, eger-de biz gowy we gurply durmuşda ýaşasymyz gelýän bolsa, ilkinji nobatda saglygyň gadyryny bilmeli bolýarys. Munuň iň ygtybarly ýoly bolsa sport we zähmet bilen meşgullanmak. Arassa howada, tebigatda gezim etmek. Adam näçe köp hereketde boldugyça onuň gan aýlanyşygynyň gowulaşýandygy, süňňüniň barha taplanýandygy ylmy taýdan subut edilen hakykat.
SANLY BILIM ULGAMY KÄMILLIGIŇ BINÝADYDYR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, bilim ulgamy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy ösdürmekdäki baş ýörelgesidir. Şoňa baglylykda, bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylyp, halkara tejribeleri esasynda has-da kämilleşdirilýär. Türkmenistanda dünýäniň ösen döwletleriniň ylym-tehnika babatda döwrebap gazananlaryndan ugur alnyp, kämil tehnologiýalardan, innowasiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerini ýerine ýetirmekde anyk netijeler gazanylýar.
Saglygy goraýyşda sanly tehnologiýalaryň orny
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Döwrüň saglyk sahawaty
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen belent sepgitler ähli halkymyzy guwandyrýar. Ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Gahryman Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli uzak geljegi nazarlaýan işler amala aşyrylýar.
Saglyk — ynsanyň durmuşyndaky esasy gymmatlyk
Saglyk — bu tebigatyň ynsana beren peşgeşi, ynsanyň durmuşyndaky esasy gymmatlyk, adam bedeniniň fiziki we ruhy güýçleriniň kadaly ýagdaýy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ynsan saglygyny berkitmek üçin zerur çäreleriň durmuşa geçirilmegi üçin ähli şertleri döretdi. Ýöne, şol saglygy gorap saklamak babatynda her bir adamynyň öz şahsy jogapkärçiliginiň bardygyny asla unutmak bolmaz.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.