Uly dabara beslenen Halkara Bitaraplyk güni

13-12-25

Türkmenistanyň halkara giňişlikde giň goldawa eýe bolýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýar. Bu özboluşly doktrina parahatçylykly ýaşamak, sebitde howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin binýat bolup, 30 ýylyň dowamynda Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş we dünýä prosesleriniň işjeň agzasy hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýän netijeli guraldygyny subut etdi. 

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3 sany Kararnamasy bilen berkidilen we ösdürilen pugta halkara hukuk binýady bar. Bu resminamalar Bitaraplyk doktrinasynyň syýasy ýörelgeden başlap, halkara diplomatiýanyň köpugurly guralyna çenli ösüşini beýan edýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir daşary syýasy hukuk derejesi bolman, eýsem, türkmen halkynyň milli özboluşlylygynyň, durnuklylygyň hem möhüm bölegidir. Halkara derejede ykrar edilen bu hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň dürli döwletler bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýän oýlanyşykly daşary syýasatynyň binýadyny emele getirýär. Şeýle çemeleşme Ýewraziýanyň strategik taýdan ähmiýetli sebitinde durnuklylygy üpjün etmäge ýardam berýär.

Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty halkara kadalaryň berjaý edilmegi bilen çäklenmän, bu doktrinany parahatçylygyň we howpsuzlygyň köpugurly guraly hökmünde ilerletmäge gönükdirilendir. 2017-nji ýylda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etdi, 2025-nji ýyl bolsa «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Mundan başga-da, BMG-niň çäklerinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Ol bitaraplyk babatda köptaraplaýyn we tejribe alyşmak üçin resmi däl meýdança bolup hyzmat edýär. Bu başlangyçlar Türkmenistanyň öz Bitaraplygyna beýleki ýurtlar üçin görelde bolup hyzmat edýän, işjeň ösdürilýän syýasat hökmünde garaýandygyny görkezýär. Ýurdumyz dünýä giňişliginde parahatçylyk döredijilik babatda gazanan tejribesini işjeň ilerletmek bilen, bu ugurda öz üstüne alan halkara borçnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär.

Şundan ugur alsak, ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileriniň, şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyza gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabaralar möhüm ähmiýete eýe boldy. Çünki «Bitaraplygyň 30 ýyllygy» binasy ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen, hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan oňyn daşary syýasatynyň aýdyň nyşanydyr. Desganyň bitewüligiň we yzygiderli dialogyň nyşany hökmünde tegelek daşky binagärlik keşbi halkany emele getirýän baýdak sütünleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bitaraplyk binasynyň bezeginde bolsa BMG-niň baýdagynyň we nyşanynyň reňkleri bolan ak hem-de gök reňkler agdyklyk edýär. Ak reňk parahatçylygy, açyklygy, hoşmeýilli erki alamatlandyrsa, gök reňk ählumumy jebisligi, Türkmenistanyň halkara giňişlikde işjeň öňe sürýän öňüni alyş diplomatiýasyny beýan edýär. Esasy bellemeli zat, parahatçylygyň we açyklygyň nyşany hökmünde belende uzaýan Bitaraplyk binasy Türkmenistanyň öz üýtgewsiz ýörelgelerine berk ygrarlydygyny dünýä äşgär edýär. Umuman, bu binalar dostlugy, özara düşünişmegi, ynanyşmagy, jebisligi we raýdaşlygy alamatlandyrýar.

Bitaraplyk parahatçylyk medeniýetiniň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, Türkmenistanyň at-abraýyny, şan-şöhratyny beýgeldýän, halkymyzyň mertebesini belende göterýän ajaýyp gymmatlykdyr. Şu jähetden, Bitaraplyk binasynyň meýdanynda giň halkara jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagynda milli jebisligi we garaşsyzlygy alamatlandyrýan Döwlet tugumyzyň hem-de BMG-niň baýdagynyň galdyrylmagy ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ählumumy häsiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy bilen bir hatarda, BMG-niň baýdagynyň, 192 döwletiň baýdaklarynyň bilelikde parlamagy Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekdäki, halkara giňişlikde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmakdaky ähmiýetini has-da dabaralandyrýar.

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Gurbanguly GAROWOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň assistenti.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.