Habarlar
Habarlar
SPORT — SAGDYNLYGYŇ ÖZENI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen sportunyň uly ösüşlere eýe bolýan, dünýä ýol salýan döwri boldy. Hormatly Prezidentimiziň eýe eden şu ajaýyp döwründe gurulan we gurulýan sport desgalary, stadionlar, aýlawlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary ýurdumyzyň şäherleriniňdir obalarynyň bezegine öwrüldi.
Adamyň saglygy — jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň aýratyn aladalary netijesinde ilatyň saglygyny goramak meseleleri döwlet hem-de şahsy häsiýetli ileri tutulýan derejelere geçip, durmuş-ykdysady ösüşiň hemme taraplaryny we ugurlaryny gurşap alýar. Sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürüp, röwşen ertirimiz üçin irginsiz zähmet çekýän hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary netijesinde ýurdumyzda toplumlaýyn çäreler yzygiderli alnyp barylýar.
“ATYM BAR - GANATYM BAR”
Berkarar Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we türkmen jemgyýetinde kämil nesli kemala getirmek ugrunda alyp barýan işleri ylym-bilim ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly bolup, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilip, bilim bermegiň usulyýet esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär.
Sport – saglygyň sakasy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen sportunyň uly ösüşlere eýe bolýan, dünýä ýol salýan döwri boldy. Hormatly Prezidentimiziň eýe eden şu ajaýyp döwründe gurulan we gurulýan sport desgalary, stadionlar, aýlawlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary ýurdumyzyň şäherleriniňdir obalarynyň bezegine öwrüldi.
Kämil bilimiň gözbaşy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän orta mekdeplerde hem ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär.
Saglyk – ruhubelentligiň binýady
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistan döwletimizda halkymyzyň saglygy goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda 10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni dabaraly bellenilýär.
Ulag-aragatnaşyk ulgamynyň döwrebap ösüşi
Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ulag-aragatnaşyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-kommunikasiýa düzümlerini giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn milli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Ýylyň şygary — täze ýeňişlere badalga
Türkmen halky 2025-nji ýyly uly üstünlikler bilen jemläp, täze — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny ruhubelentlik bilen garşy aldy. 2026-njy ýyla şeýle at berilmegi hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde yglan edildi.
HALKYŇ SAGLYGY – DÖWLETIŇ BAŞ BAÝLYGY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde dünýä hil derejesindäki enjamlar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş desgalarynyň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, şypahanalaryň, sport desgalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi adamlaryň saglygyny goramagyň, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň, sportuň rowaçlanmagyny üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Dogry iýmitlenmek — sagdynlygyň esasy şerti
Sagdyn iýmitlenmek beden üçin fiziologik zerurlyk bolup, işjeň we eşretli ýaşaýşyň girewidir. Alymlaryň bellemegine görä, sagdyn bolmagyň iki sany ýönekeýje talaby bar. Olar — fiziki taýdan işjeň hereketde bolmak we dogry iýmitlenmek. Şu talaplary berjaý etmek bilen adam dürli keselleriň öňüni alyp biler. Hereketsizlik we nädogry iýmitlenmek bedeniň energiýa deňagramlylygynyň bozulmagyna alyp barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.