BAGTYÝAR GELJEGIŇ ŞAMÇYRAGY
20-03-26
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy kämil tehnologiýalaryň esasynda ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Halk hojalygynyň ähli pudaklaryna, şol sanda bilim ojaklaryna sanly ulgamy, täze, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, aragatnaşyk, şol sanda sanly hyzmatlary köpeltmek, olaryň hilini ýokarlandyrmak, howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Innowasion ýol bilen ösüşi şertlendirýän sanly ulgam döwrebap mümkinçilikleri döredýär. Munuň özi köpugurly özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna, iri möçberli maksatnamalaryň işlenip taýýarlanmagyna, şeýle hem bilim beriş işiniň netijeliligini, tizligini we aýdyňlygyny üpjün etmäge aýratyn täsirini ýetirýär.
Bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly üns berilýär. Esasan hem ýaş nesliň döwrebap bilimleri özleşdirmeklerini gazanmakda, olaryň ösen tehnologiýalara bolan düşünjelerini ösdürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmakda, onuň abraý-mertebesini ýokarlandyrmakda, beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, hünärine ökde hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmäge uly ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň döwrebap kompýuterler, multimedia enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy okatmakda hem, sapaklary guramakda hem ýeňillikleri döredýär. Ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ähli umumybilim berýän orta mekdepleriň, başlangyç hünär we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň doly derejede döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylýandygyny bellemelidiris. Şonuň netijesinde hem kämil bilim bermegiň berk esaslary döredilýär we geljekde ýokary bilim almaga ymtylýan ýaşlarda berk bilim binýady kemala getirilýär. Ýaşlaryň döwrebap tehnologiýalardan oňat baş çykarmagy möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.
Häzirki döwürde umumadamzat gymmatlyklaryny we dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesini öwrenmek, şeýle hem halkymyzyň medeni, milli-ruhy ýörelgelerini, däp-dessurlaryny sazlaşykly peýdalanmak arkaly ýurdumyzyň bilim ulgamy mundan buýana-da döwrebaplaşdyrylýar. Bu ulgamda düýpli özgertmeleri amala aşyrmagy çuňlaşdyrmagyň we belent sepgitlere ýetirmegiň ýolundaky maksatnamalaýyn wezipeleri çözmek ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu mümkinçilikler bilim ulgamyny kämilleşdirmekde we ýaşlara berilýän bilimiň hil derejesiniň dünýä ülňülerine kybapdaş bolmagynda özüniň ýokary netijesini berýär. Şunda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde guralýan medeni-köpçülik çäreleriniň, göreldeli sapaklaryň ähmiýeti uludyr.
Ylym-bilimiň ýokary tizlik bilen ösýän asyrynda ýaşlaryň dünýä ylmyndan habarly bolmagyny gazanmak, öz hünärine ökde hünärmenleri taýýarlamak bu ulgamda zähmet çekýän bilim işgärleriniň jana-jan borjuna öwrüldi. Bu ugurda ýurdumyzyň bilim işgärleri hem döredijilikli zähmet çekýärler, ýaşlara bilim öwretmegiň iň döwrebap usullaryny işjeň durmuşa ornaşdyrýarlar. Ýaş nesliň düýpli bilim we tälim-terbiýe almagyny, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiz: “Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr” diýip, ýurdumyzda ylym-bilim özgertmelerine aýratyn ähmiýet berilýändigini belleýär.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Daýanç ÖWLÝAGULYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýer gurluşygy we kadastry taýýarlyk ugrunyň talyby.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.