Habarlar
Habarlar
PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DOST-DOGANLYGYŇ ÝÖRELGESI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir ýylyna, uly arzuw-umytlar bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam basdyk. Bu ýylda türkmen döwletiniň mukaddes ýörelgeleri Gün deňinde pasyrdap, ýene dünýä ýaýylar. Muny ýurdumyzdan Ýer ýüzüne saçylýan abadançylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mähribanlyk nury diýibem häsiýetlendirse bolar.
SAGLYGYM – BAŞ BAÝLYGYM
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişe üns merkezinde saklanylýar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, keselleriň öňüni alyş we bejeriş çärelerini talabalaýyk ýola goýmak, ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek, derman senagatyny ösdürmek boýunça işler üstünlikli dowam etdirilýär.
MILLI DEMOKRATIÝANYŇ HEM-DE KANUNÇYLYGYŇ DABARALANÝAN EÝÝAMY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi ösüşiň täze belentliklerine ýetilmegine ýakyndan ýardam edýär.
ABADANÇYLYGYŇ RÖWŞEN ÝOLUNDA MÖHÜM HYZMATDAŞLYK
Ýurtlaryň arasynda hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak, bütin adamzadyň asudalygyny we abadanlygyny gorap saklamak häzirki zaman dünýäsiniň ählumumy çözgüdi talap edýän möhüm wezipeleridir. Şol wezipeleriň üstünlikli çözülmegi, elbetde, umumadamzat gymmatlyklarynyň - parahatçylygyň we ynanyşmagyň üpjün edilmegine, olaryň iş ýüzünde ulanylmagyna baglydyr.
Нейтралитет — основа укрепления глобальной стабильности
Провозглашение Генеральной Ассамблеей ООН по инициативе нашей страны 2025 года «Международным годом мира и доверия» свидетельствует о большой поддержке нашей миролюбивой политики на глобальном уровне. Международный год мира и доверия поистине стал призывом к развитию отношений на основе равноправного, активного, цивилизованного диалога и взаимопонимания.
Halkymyzyň saglygy – ýurdumyzyň baş baýlygy
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladalary bilen raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda, kopçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdurmek, ýurdumyzyň abadançylygyny gowulandyrmak ugrunda uly tagallalar edilýar. Sagdynlygyň hem-de gülläp ösüşleriň, ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistan Watanymyzda ýurdumyz üçin uly baýlyk bolan adamyň jan saglygynyň goragyny ýokary derejä ýetirmek maksady bilen uly işler alnyp barylýar.
Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegidir
Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly ösüşler gazanylýar, eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýy barha artýar. Hemişelik Bitarap döwletimiziň öňe süren başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi dünýä ýüzünde ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi berkitmek ugrundaky tagallalarymyzyň rowaçlanýandygyny tassyklaýar.
Şanly ýylyň şygary — ýürekleriň kelamy
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýaş nesle Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň üsti bilen türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli aýratynlyklary bolan hoşniýetlilik, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik ýaly häsiýetler öwredilýär.
YNSANPERWERLIGIŇ HEM-DE DOST-DOGANLYGYŇ EÝÝAMY
Türkmen halky ynsanperwerlige, asylly ýörelgelere belent sarpa goýýar. Esasan hem, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi mynasyp ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam edýär.
BITARAPLYK ýoly — dünýä nusga görelde
Türkmenistan halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyny yzygiderli durmuşa geçirip, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öz başlangyçlaryny ilerletmek üçin işjeň tagalla edýär. . Biziň ýurdumyz özara ynama we hormat goýmaga esaslanýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň durnuklylygy üpjün etmegiň, gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm guraly bolup durýandygyndan ugur alýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.