DIL BILMEK - ELÝETMEZ BAÝLYK

18-12-25

 Taryhy ähmiýetli ösüşdir özgerişleriň ýoly bilen öňe barýan ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge, ýaşlary döwrebap ruhda terbiýelemäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geçirilýän giň gerimli özgertmeler bilim ulgamyny hem gurşap alýar. Ýurdumyzyň orta, orta we ýörite, ýokary okuw mekdeplerinde innowasion tehnologiýalardan giňden peýdalanylmagy ýaşlaryň düýpli bilim almagyna, daşary ýurt dillerini kämil özleşdirmegine uly ýardam edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesinde sanly bilimi ösdürmek, daşary ýurt dillerini kämil bilýän ýaşlaryň täze neslini kemala getirmek ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Netijede ýurdumyzyň bilim ojaklarynda berilýän bilimiň hili ýokarlanýar.  

Döwrebap tehnologiýalaryň, şeýle hem maglumat-telekommunikasion ulgamlaryň ösmegi ýaşlara zerur bolan maglumatlary özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Geljekki hünärmenleriň zähmet işi bilen gös-göni bagly bolan öňdebaryjy tehnologiýalarda işlemegi üçin daşary ýurt dillerini bilmek zerurdyr. Daşary ýurt dillerini okatmagyň, öwretmegiň iň täze ugurlary kemala gelýär, çünki sanly ulgamyň ösmegi bilen, okatmagyň we bilim bermegiň usulyýeti kämilleşýär. Bu ugur esasynda dünýä dillerini öwretmek döwrebaplygy we netijeliligi bilen tapawutlanýar. Daşary ýurt dillerini bilýän kämil hünärmenler dünýäniň ylmy edebiýatlaryny özleşdirmegi başarýarlar. Şonuň üçin hem dil egsilmez baýlyk, ylymlaryň çeşmesi hasaplanýar.

Ýurdumyzda ýaş nesliň ylym-bilim öwrenmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle-de, häzirki ajaýyp döwrümizde ene dilimizi öwrenmek bilen bir hatarda, dünýä dillerini öwrenmäge hem aýratyn üns berilýär. Köp dil bilmek elýetmez baýlyga - ruhy baýlyga eýe bolmakdyr. Dilleri öwrenmek arkaly kämil ýaşlar ýurdumyzyň ösüşine goşant goşýarlar. Has takygy, dil aragatnaşyk serişdesi bolmak bilen ylymlaryň hem çeşmesi hasaplanýar. Bu ugurdan sapaklary guramaçylykly geçirmek bilim bermegiň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, halkyň geljegi bolan türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerini içgin özleşdirmegi, bu dilde erkin gürläp bilmegini gazanmak ugrunda her bir daşary ýurt dili mugallymy okatmagyň netijeli usullaryny saýlap alýar. Sapaklary guramakda mugallymyň başarnygy, bilim bermek, öwretmek ukyby aýratyn ähmiýete eýedir.

Daşary ýurt dillerini öwrenmek we bilmek, adamyň medeniýetiniň ösendigini kesgitleýän ýagdaýdyr, çünki dil dostluk köprüsi hasaplanýar. Dünýä dilleriniň üsti bilen halklaryň dostlugy, medeni gatnaşyklary üpjün edilýär. Dürli medeniýetleriň arabaglanyşygyny guramakda dil bilimi uly orny eýeleýär. Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini öwretmek ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ähli basgançaklarynda amala aşyrylýar. Dünýä dillerini bilýän ýaşlarymyz daşary ýurt edebiýatlaryndan, ylmy çeşmelerden, internet ulgamyndan peýdalanmaga ukyplydyrlar.

Dil öwrenmegiň gymmaty häzirki zamanda öňde goýlan maksada ýetmegiň ädimidir. Ykdysady, ylmy-tehniki we ruhy taýdan gatnaşyklaryň şertinde iňlis dili milletara aragatnaşyk dili hökmünde jemgyýetçilik durmuşyna girdi. Iňlis dili ylmyň, tehnikanyň, dünýä medeniýetiniň gazananlaryny özleşdirmekde uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda bilim ojaklarynda okatmagyň interaktiw usullarynyň hem-de sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýaşlara berilýän bilimiň netijeli bolmagyna ýardam berýär. Bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmäge gönükdirilen özgertmeler zehinli ýaşlary ýüze çykarýar, ýurdumyzyň abraýyny dünýä ýaýýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlary, pudaklary sanlylaşdyrmak babatynda döwrebap işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda ynsanyň döredijilik ukyp-başarnygyny, zehinini açmaga ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. Ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegine döwlet derejesinde uly üns berilmegi röwşen geljegimiziň has-da ösüşli boljakdygyny aýdyň beýan edýär. Ylym-bilimi ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Rustam BAÝRAMGELDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.