Habarlar
Habarlar
Garaşsyzlyk — başymyzyň täji
Ýurdumyzyň özygtyýarly ösüşiniň 34 ýylynyň dowamynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanyldy, belent sepgitlere ýetildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda köp sanly obadyr şäherçeler döredildi, önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalaryň ençemesi işe girizildi, ähli amatlyklar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlary guruldy.
Garaşsyzlyk güni — bagtyýarlygyň baýramy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şatlyk-şowhuna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuna ruhubelentlik bilen taýýarlyk görülýär. Garaşsyzlyk baýramy türkmen halkynyň naýbaşy toýudyr, berkararlygyň, bagtyýarlygyň dabaralanmasydyr.
Garaşsyzlyk toýumyzyň şan-şöhraty dünýä dolsun!
Mähriban halkymyzyň asuda ýaşamagynyň, döretmeginiň we gurmagynyň, ösüşleriň ýolunda has belent sepgitlere ýetmeginiň baş şerti bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýy golaýlap gelýär. Özygtyýarlyk, erkinlik, asudalyk, parahatlyk, şu jümleleriň ählisi “Garaşsyz” diýen nurana sözden gözbaş alýar. Ýurt Garaşsyz bolanda, öz ygtyýarlyklaryny özi kesgitläp bilýär. Garaşsyz döwletiň raýatlary erkin, asuda durmuşda erkana ýaşaýar.
Geňeşene giň dünýä
Türkmen halky «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Maslahatly il myrada ýeter», «Geňeşli salamat bolar», «Geňeşene giň dünýä» ýaly ençeme parasatly sözleri döredipdir. Munuň özi ata-babalarymyzyň il-ýurt bähbitli meseleleri maslahatlaşyp çözmekligi durmuş ýörelgesine öwrendiklerini görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de halkymyzyň şeýle asylly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär.
Garaşsyzlyk — parasatly pederlerimiziň arzuwy
Mähriban halkymyz Garaşsyzlygyny alan gününden başlap, ýagşy arzuw-umytlar bilen aýdyň geljegine sary batly gadam basdy. Ata Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda uly ösüşlere, belent sepgitlere, taryhy wakalara eýe boldy. Ýurdumyzyň merjen paýtagty Aşgabat şäheri, welaýatlardyr etrap merkezleri, şäherlerdir obalar düýpgöter özgerip, tanalmaz derejelere ýetdi.
Garaşsyzlyk – özygtyýarlylyk, erkinlik, bagtyýar durmuş
Garaşsyzlyk güni türkmen halkynyň özygtyýarlylyk, erkinlik hakynda asyrlarboýy eden arzuwynyň hasyl bolandygyny alamatlandyrýan şanly senedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «Garaşsyzlyk biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir, beýik geljegimizdir. Garaşsyzlyk biziň dünýä dolan belent abraýymyzdyr hem-de şan-şöhratymyzdyr». Hut şonuň üçinem bu şanly sene her ýylda belent maksatlara galkyndyrýan naýbaşy baýram hökmünde buýsanç bilen bellenip geçilýär.
Garaşsyzlyk — eşretli durmuşyň kepili
Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilýän günlerinde döwletliligiň esasy alamatlary bolan Konstitusiýa, Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy we Döwlet senasy milli miras paýhaslarynyň jemlenen beýany bolmak bilen ýurdumyzda we bütin dünýäde dabaralanýar. Garaşsyzlyk parasatly pederlerimiziň arzuw-isleglerinden wysal bolup, halkymyza eşretli durmuşy bagyş etdi.
Garaşsyzlyk — Watanymyzyň baş baýramy
Ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan, uly dabaralar bilen toýlanýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly baýramy ýetip geldi. Bu baýramçylyk mähriban halkymyzyň erkinliginiň hem-de abadançylygynyň baýramydyr. Garaşsyzlyk türkmeniň bagtynyň hem ruhunyň belentliklerden-belentliklere göterilmegidir, abraý-mertebesiniň dabaralanmasydyr.
GARAŞSYZLYGYMYZ – KÖŇÜL BUÝSANJYMYZ
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ykdysady taýdan ösýän döwletleriň hatarynda dünýäde giňden ykrar edilýär.
Garaşsyzlyk – milletiň erkinlik hem parahatlyk mukamy
Bu gün Türkmenistan Watanymyz ýurduň ykdysady ösüş derejesini kesgitleýän häsiýet boýunça dünýä ýurtlarynyň sanawynda mynasyp orny eýeleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz ägirt uly ösüşleriň ýoly bilen öňe sary barýar. Mundan 34 ýyl ozal özbaşdaklygyny jar eden we dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolan eziz Diýarymyz häzirki günlerde şan-şöhrata beslenýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.