Hoş geldiň, Täze ýyl - bedew batly ösüşleriň ýyly!

31-12-25

Tamamlanyp barýan we täze ýylyň sepgidinde geçen ýylda bitirilen işlere, gazanylan üstünliklere ser salmak asylly adata öwrüldi. Şu nukdaýnazardan, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen at bilen geçen 2025-nji ýylyň ata Watanymyz, mähriban halkymyz üçin ajaýyp üstünlikleriň gazanylan, belent sepgitlere ýetilen şanly ýyl bolandygyny bellemek örän ýakymly. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy dabaraly bellenen bu ýylda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda hem-de taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde uly üstünlikler gazanyldy. Watanymyzyň halkara abraýy has-da belende galdy.

Täze ýyl — arzuwlaryň hasyl boljak, maksatlaryň myrat tapjak ýyly. Şonuň üçin dünýäniň ak ýürekli, päk niýetli ynsanlary, ynsanperwer, dostana halklary bilen birlikde türkmen halky hem Täze ýyla — 2026-njy ýyla ynamly garaýar, ony baýramçylyk desterhanynyň başynda, baýramçylyk ruhy bilen, kalbyny asylly arzuwlara, belent maksatlara besläp, agzybirlikde, jebislikde garşylaýar.

Täze ýyl baýramçylygy — birek-birege ýagşydan-ýagşy arzuwlaryň beýan edilýän, birek-birege Täze ýyl sowgadyny gowşurmak, gutlaglary aýtmak bilen, hormatyň, ýürekdeşligiň, mähribanlygyň bildirilýän baýramçylygy. Şonuň üçin her ýylyň bu ilkinji baýramçylygy her bir ynsany has-da mähremleşdirýär, birek-birege has-da ýakynlaşdyrýar, göwün guşumyzy ganatlandyrýar, köňül bossanymyzy gülledýär.

2025-nji ýylda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň birnäçe Kararnamalary, şol sanda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany üçünji gezek kabul etmegi, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň we ugurdaş çäreleriň, «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalynyň, paýtagtymyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dostlukly döwletlere saparlary, halkara derejesinde geçirilen forumlarda möhüm ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmekleri berkarar döwletimiziň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagymyzyň halkara derejeli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülendigini, halkymyzyň myhmansöýerligini we beýleki asylly häsiýetlerini dünýä ýaýdy, Watanymyza şan-şöhrat getirdi, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýändigimizi dabaralandyrdy.

Tamamlanyp barýan 2025-nji ýylda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilendiginiň aýdyň subutnamasy bolan şeýle mysallary başga-da näçe diýseň getirmek bolar. Bu sanawy uzaltmakdan saklanyp, esasy zady — şol üstünlikleriň halkymyzy has-da tutanýerli, döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýandygyny, 2026-njy ýylda gazanyljak täze zähmet ýeňişlerine badalga berýändigini bellemek gerek.

Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi. 2026-njy ýylyň Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýyly bolmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bedew — ýyndamlygyň, sagdynlygyň, gözelligiň, wepalylygyň nyşany. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyz ganatly bedewleriň — ajaýyp ahalteke bedewleriniň mekany hökmünde dünýäde giňden meşhurdyr. Munuň özi 2026-njy ýylyň halkymyza sagdynlygy serpaý etjekdigine, ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe gitjekdigine, Diýarymyzyň tebigy gözelliginiň, binagärlik keşbiniň has-da artjakdygyna, dünýä döwletleri, goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli, dostlukly gatnaşyklaryň rowaçlanjakdygyna ynam döredýär.

2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy giňden belleniler. Täze ýylda Türkmenistan GDA-da başlyklyk eder. 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbede geçirilen mejlisde 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegiň Türkmenistana geçýändigi hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda ýurdumyzda geçirmek baradaky çözgütler kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, munuň özi GDA ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistana bildirilen hormatyň we ynamyň nyşanydyr, ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ösüşine goşýan goşandynyň ykrarnamasydyr. Bu bolsa, ýetip gelen täze ýylyň hem taryhy wakalara baý boljakdygyny aňladýar.

Goý, Täze 2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly bagtyýar halkymyz üçin täze ýeňişleriň we üstünlikleriň, belent sepgitleriň hem-de ösüşleriň, bolelin durmuşyň, rysgal-bereketiň, toý-baýramçylyklaryň ýyly bolsun! Halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Oguljemal ANNAÝEWA, 
Myrat Garryyew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň mugallymy.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.