Nurmuhammet Andalyp türkmen dessançylyk däbiniň kerwenbaşysy
18-10-25
Türkmen nusgawy edebiýatynyň altyn sahypalarynda ady mynasyp orun eýeleýän, Nurmuhammet Andalyp (1660-1740) diňe bir XVII asyryň ahyrynyň we XVIII asyryň başynyň görnükli şahyry bolman, eýsem türkmen edebiýatynda täze bir žanryň – dessançylyk däbiniň kerwenbaşysy hökmünde ykrar edilýär. Onuň döredijiligi Magtymguly Pyragynyň öň ýanyndaky döwürde edebiýatyň ösüşine güýçli itergi berip, geljekki nusgawy şahyrlaryň ýoluny ýagtyldan yşyk çyragy boldy.
Nurmuhammet Andalyp Daşoguz welaýatynyň öňki (Ýylanly etrabynyň) Garamazy obasynda dünýä inýär. Ol ilki oba mekdebinde, soňra bolsa Hywada medresede bilim alýar. Ol diňe bir ylym-bilimi kämil ele almazdan, eýsem, Gündogaryň akyldarlarynyň eserlerini we halk döredijiligini yhlas bilen öwrenýär.
Şahyr özüne manysy "Bilbil" diýmek bolan Andalyp edebi lakamyny alýar. Rowaýata görä, ol Gül atly gyzy söýüp, özüni onuň yşkynda saýraýan bilbil hasaplaýar. Bu lakamyň manysy onuň tutuş döredijiliginiň esasy özeni bolan yşk, wepa we kalbyň inçe duýgulary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Andalybyň döredijiliginiň esasy ýörelgesi onuň gymmatly dessanlarydyr. Ol özünden öňki Gündogar edebiýatynda giňden ýaýran sýužetleri türkmen durmuşyna, däp-dessurlaryna we diline ýakynlaşdyrmagy başardy. Ol türkmen edebi dilini halkyň gepleşik diline has ýakynlaşdyrdy, bu bolsa onuň eserleriniň halk arasynda örän meşhur bolmagyny üpjün edýär.
Onuň meşhur dessanlary:
"Leýli-Mejnun": Pajygaly yşkyň beýany bolup, söýgi azatlygyny inkär etmeklige garşy protesti öz içine alýar.
"Ýusup-Züleýha": Gündogar yşky-ahlak dessanlarynyň iň ajaýyp nusgalaryndan. "Babaröwşen", "Zeýnelarap", "Melike-Mährinigär" ýaly eserleri dilden dile geçip bagşylaryň dillerinde, kalplarynda ýasaýar. Dessanlardan başga-da, Andalyp beýleki görnüşlerde hem uly yz galdyrdy.
Taryhy Poýemalar: Onuň esasy gymmatlyklarynyň biri-de gadymy türkmen taryhyny öwrenmek üçin gymmatly çeşme bolan, öz ugrundan ýeke-täk taryhy poýemasy "Oguznama"-dyr. Şeýle-de, ol meşhur türkmen şahyryna bagyşlanan "Nesimi" poýemasny doredýär.
Nurmuhammet Andalybyň beýik mirasy döwlet derejesinde hormatlanýar.
Nurmuhammet Andalyp türkmen edebiýatynyň iň ýagty ýyldyzlarynyň biridir. Ol dessançylyk däbini esaslandyryp, Magtymgula ýol açan, halkynyň taryhy we yşky duýgulary bilen ýugrulan eserleri miras galdyran beýik söz ussadydyr. Onuň mirasy bize ynsanperwerligi, dostlugy, söýgä we wepa borjuny ündeýän baky gymmatlyk bolup hyzmat edýär.
Şamar BAÝRAMDURDYÝEWA,
Lebap welaýat kitaphanasynyň I-nji derejeli usulçysy.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.