Habarlar
Habarlar
167b2c5b801f0f.jpeg
1 ýyl ozal
Samarkantdaky sammitiň öňüsyrasynda Aşgabatda “ÝB-Merkezi Aziýa” ministrler maslahaty geçiriler

2025-nji ýylyň 4-nji martynda Aşgabat şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ministrler maslahaty geçiriler. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu çäre Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlyklyk etmeginde 3-4-nji aprelde Samarkant şäherinde geçiriljek ilkinji “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” sammitine taýýarlyk görmegiň möhüm bölegine öwrüler.

167b6c427b1283.jpeg
1 ýyl ozal
Gazagystan uçýan taksilere gyzyklanma bildirýär

Gazagystanda uçýan taksiler peýda bolup biler, bu bolsa syýahat wagtyny ep-esli azaldar. Bu barada ýurduň sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministriniň orunbasary Dmitriý Mun habar berdi. Ol ýurduň ýerli metbugatyna awiasiýa pudagyny sanlaşdyrmagyň global tejribesi bilen baglanyşykly beýanat berdi.

167b2bb9d584d1.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

14-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

167b2c2dcccdf2.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri köptaraply hyzmatdaşlygyň maksatnamalaryny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin 2025-nji ýylyň 14-nji fewralynda telefon arkaly söhbetdeş boldular.

167b41e372bf21.jpeg
1 ýyl ozal
Ilon Maskdan iň “akylly” emeli intellekt taslamasy

Dünýäniň iri kompaniýalary hem-de dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň arasynda emeli aň bäsdeşligi barha gyzyşýar. Golaýda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilen halkara derejesindäki ilkinji emeli aň sammiti ABŞ-nyň hem-de Hytaýyň emeli aň ugurndaky maksatnamalaryna jogap hökmünde kabul edildi.

1698f2118b4b1c.jpeg
5 aý ozal
Ýylyň şygary — täze ýeňişlere badalga

Türkmen halky 2025-nji ýyly uly üstünlikler bilen jemläp, täze — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny ruhubelentlik bilen garşy aldy. 2026-njy ýyla şeýle at berilmegi hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde yglan edildi.

1698f203ee43ae.jpeg
6 aý ozal
BAGTYÝAR DURMUŞYŇ HÖZIRI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan mähriban halkymyz 2026-njy ýyly ýagşy arzuwlar bilen garşy aldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň ruhuny has-da belende göterdi.

167b2bd1d6f47f.jpeg
1 ýyl ozal
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

15-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzda durky täzelenilýän Bitaraplyk binasy we onuň hojalyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

167b2c0d5b8b24.jpeg
1 ýyl ozal
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

15-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

167b2ca4bc2181.jpeg
1 ýyl ozal
Gyrgyzystan sanly bilim ulgamynda Google bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

Gyrgyzystanyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we okuw prosesine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda möhüm ädim hökmünde 2024-nji ýylyň aprelinde GR bilim we ylym ministrligi bilen Google Ireland Limited kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.