BAGTYÝAR DURMUŞYŇ HÖZIRI
13-02-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan mähriban halkymyz 2026-njy ýyly ýagşy arzuwlar bilen garşy aldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň ruhuny has-da belende göterdi. Çünki Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň okgunly ösüşiniň baş nyşanyny alamatlandyrýan ahalteke bedewleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan mähriban türkmen halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi.
Taryhy özgertmeler ýurdumyzyň pudaklarynyň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna goşmaça itergi bermek bilen, depginli ykdysady ösüşiň möhüm görkezijisi bolan zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagy üçin amatly şertleri döretdi. Her bir ýylymyz, her bir günümiz beýik ösüşlere, şanly wakalara beslenýär. Geçen ýyly üstünliklere beslän ildeşlerimiz täze ýyla uly ruhubelentlik bilen gadam basdy. Şöhratly zamanamyzda agzybir, zähmetsöýer halkymyzyň hoşniýetli ýagşy arzuwlary hasyl bolýar. Ynha, 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy her birimizi buýsandyrdy.
Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň giňden bellenilip geçiljek şu ýylymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň iň bir düşümli, rysgal-döwletli we taryhy wakalara baý ajaýyp ýyllaryň biri boljakdygyna biz - bagtyýar türkmenistanlylar tüýs ýürekden ynanýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär, belent maksatlar rowaçlanýar. Täze türkmen taryhyny altyn harplar bilen bezejek “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýyly milli gymmatlyklarymyza belent sarpa bolup, toý-baýramlara beslenýän ýyldyr. Eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk hem gowulandyrmak asylly maksatlardyr. Bu maksatlar rowaçlyga beslenip, toplumlaýyn işler giň gerimde amala aşyrylýar. Bularyň ählisi bagtyýar türkmen halkyny uly buýsanja besleýär.
Hawa, ajaýyp eýýamyň her bir ýylynyň diňe üstünliklere we şanly wakalara beslenýän ýyl bolup, taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazylýandygy hemmämize mälimdir. Çünki halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin aňrybaş şertleriň döredilmegi, şeýle hem iň döwrebap mümkinçilikler bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar. Munuň özi mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam berýär. Bu bolsa biziň her birimiziň bagtyýarlygymyzdyr.
Bagtyýar türkmen halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen her bir ýyly şanly wakalar, dabaralar bilen şöhratlandyrýar. Şol ajaýyp pursatlar bolsa eşretli zamanamyzyň üstünliklerini aýdyň beýan edýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde belent maksatlar bilen nurana geljege barýan, döredýän, gurýan halkymyzyň üstünlikleri üstünliklere ulaşýar. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilen beýik işler, ýetilen belent sepgitler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ata Watanymyzy gülledip ösdürmek, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri üstünliklere beslensin!
Dürli ELÝASOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň ýöriteleşdirilen bilim (Defektologiýa) hünäriniň 2-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.