Habarlar
Habarlar
16939ad3c57d73.jpeg
6 aý ozal
Bitaraplyk – parahatçylygyň nusgalyk ýoly

Häzirki zaman syýasy dünýäsiniň soňky 30 ýylynyň wakalary Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna doly ygrarly bolup gelýändigini jahana aýan etdi. Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna 30 ýyl bolýar. Bitaraplygy BMG tarapyndan ýörite Kararnama bilen ykrar edilen döwletimiz geçen otuz ýylyň dowamynda Milletler Bileleşiginiň iň ynamdar hem strategik hyzmatdaşyna öwrüldi.

169b90b49d7dd8.jpeg
3 aý ozal
Innowasion tehnologiýalar saglygy goraýyş ulgamynda

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

1693996d65a5dc.jpeg
6 aý ozal
Milli ylym-bilim ulgamynyň aýdyň geljegi

Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

169bb0531ce7a6.jpeg
3 aý ozal
«Saglyk» Döwlet maksatnamasy dabaralanýar

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilenine şu ýyl 30 ýyl doldy. Bu döwürde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde ulgamda dünýä nusgalyk ösüşlere ýetildi. 

1699935056f0c5.jpeg
3 aý ozal
DÖWÜR BILEN AÝAKDAŞ

Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pelsepewi düşünjelere, paýhasly öwüt-ündewlere baý bolan “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitabynda belleýşi ýaly, mähriban Watanymyza söýgi akyldarlaryň pähimdarlyk mülküniň göwheridir. Iň gowy asylly ýörelgeler Watanyň beýgelmeginiň hatyrasyna amal edilýändir.

16998466f033a1.jpeg
3 aý ozal
Ösüşlere beslenýän saglygy goraýyş ulgamy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamynda hem uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ulgamy innowasion taýdan ösdürmek we dünýä ülňülerine laýyk getirmek işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda lukmançylyk ulgamynda keselleriň öňüni almakda, anyklamakda we olary bejermekde öňdebaryjy tehnologiýalar, täzeçil işläp taýýarlamalar önümçilige ornaşdyrylýar.

169a1d681e29ff.jpeg
3 aý ozal
Saglygy goraýyşda belent sepgitler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýleki ugurlar bilen bir hatarda, milli saglygy goraýyş ulgamy hem yzygiderli kämilleşýär. Lukman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda soňky ýyllarda paýtagtymyz Aşgabatda, döwrebap ösüşlerimiziň nyşany bolan Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman saglygy goraýyş merkezleri yzygiderli açylyp ulanmaga berilýär.

16939527196305.jpeg
6 aý ozal
Hemişelik Bitaraplyk – dost-doganlygy pugtalandyrýan ýörelge

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan tutumly işleriniň netijesinde barha rowaçlanýar. Ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde onuň oňyn ýörelgeleri barada gürrüň etmek has-da ýakymly.

169395188ac549.jpeg
6 aý ozal
Türkmen Bitaraplygy – döwrüň parahatçylyk taglymaty

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllyk ýubileýiniň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen utgaşmagy ýurdumyz üçin aýratyn ähmiýetlidir. Sebäbi geçen 30 ýylyň dowamynda hemişelik Bitarap döwletimiz bu ugurda baý tejribe toplap, ylalaşygyň we dostlugyň merkezine öwrüldi.

1693950b3c0980.jpeg
6 aý ozal
Bitaraplyk ýörelgesi – abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli we aýdyň maksatly işler netije berýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär. Munuň özi dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini wagyz etmekde, hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.