Ýylyň şygary — täze ýeňişlere badalga

10-03-26

Türkmen halky 2025-nji ýyly uly üstünlikler bilen jemläp, täze — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny ruhubelentlik bilen garşy aldy. 2026-njy ýyla şeýle at berilmegi hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde yglan edildi.

Her ýyly döwrebap atlandyrmak we onuň nyşanyny kabul etmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Täze ýylyň ady halkymyzyň arzuw-umytlaryny, köpasyrlyk milli gymmatlyklaryny hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlaryny özünde jemleýär. Bedew at — türkmen halkynyň buýsanjy, ösüşleriň we belent maksatlaryň nyşany hökmünde täze ýylyň şygarynda mynasyp orun aldy.

Halkymyzyň uly ruhubelentlik bilen gadam basan 2026-njy ýylynyň ilkinji pursatlarynda täze ýylyň ilkinji bäbeginiň dünýä inmegi toýly günleriň şowhunyny artdyrdy. Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinden täze ýylyň buşlukçysy bolan hoş habar gelip gowuşdy. Ol ýerde ýurdumyz boýunça «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ilkinji çaga dünýä indi. Asylly däbe eýerip, oglanjyga täze ýylyň ruhuna laýyk gelýän «Atamyrat» diýip, at goýuldy.

2026-njy ýylyň ilkinji minutlarynda Aşgabat şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylary — Şeker hem-de Emir Gaýypowlaryň ilkinji ogul perzendiniň dünýä inmegi we onuň ýylyň ilkinji perzendi bolmagy bagtly ene-atanyň buýsanjyny artdyrdy. Şeýle ajaýyp pursatlarda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň, şeýle-de, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Gaýypowlaryň maşgalasyna gymmat bahaly sowgatlar gowşurylyp, iň gowy arzuwlar aýdyldy.

2025-nji ýyl ýurdumyzyň taryhynda aýratyn orun eýeledi. Bu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy dünýä derejesinde giňden bellenildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen oňyn Bitaraplyk syýasaty parahatçylygy, durnukly ösüşi we dialogy pugtalandyrmakda möhüm orna eýe boldy. Bitaraplyk diňe daşary syýasat däl, eýsem, halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgesidir.

Geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzda we halkara giňişlikde iri forumlar, maslahatlar geçirilip, Türkmenistanyň başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanyldy. Zenanlaryň, çagalaryň abadançylygy, durnukly ösüş, ulag we energetika hyzmatdaşlygy ýaly ugurlar boýunça kabul edilen halkara Kararnamalar ýurdumyzyň ýokary abraýynyň aýdyň beýany boldy.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyzlygymyzyň esaslary pugtalandyrylýar, ykdysady kuwwat ýokarlanýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli gowulanýar. «Döwlet adam üçindir!» hem-de «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir» diýen şygarlar döwlet syýasatynyň esasy mazmunyny kesgitleýär.

Gündogar müçenamasy boýunça ýylky ýyly bolan 2026-njy ýyl halkymyz üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýylda Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny belläp geçer. Bu şanly sene agzybirligiň, buýsanjyň we täze üstünlikleriň baýramy bolar. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Röwşen ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň Menejment we innowasiýa tehnologiýalary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.