Habarlar
Habarlar
167aee6fa673d9.jpeg
1 ýyl ozal
Ženewada Türkmenistanyň SPECA başlyklyk etmeginiň çäklerinde ulag boýunça çäre geçirildi

“Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygyndaky SPECA sebiti: Durnukly multimodal ugurlary ösdürmekde sebitara baglanyşygy ösdürmek” – şeýle at bilen çäräni, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG-niň ÝYK) Sekretariaty bilen bilelikde gurnady.

167aed86209225.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmen wekiliýeti Tähranda geçiriljek üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşar

17-18-nji fewralda Tähranda üçünji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Oňa Türkmenistandan hem ýokary derejeli wekiliýet gatnaşar. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşliginde aýtdy.

1694e10643216c.jpeg
7 aý ozal
Täze ýyl arçasy halkymyza nuruny saçdy

Golaýda paýtagtymyzda ýakymly we uzak garaşylan Täze ýyl baýramynyň hormatyna däp bolan dabaralaryň başlanýandygyny alamatlandyrýan ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Asylly däbe görä, Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança her ýylda geçirilýän dabaralaryň esasy merkezine öwrüldi.

16988a0172b8e2.jpeg
6 aý ozal
BAGTYÝAR DURMUŞYŇ HÖZIRI

​​​​​​​Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan mähriban halkymyz 2026-njy ýyly ýagşy arzuwlar bilen garşy aldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň ruhuny has-da belende göterdi.

169454d255cf2f.jpeg
8 aý ozal
Baýramçylyk sowgady

Türkmen halky kitaby sarpalap, gymmatlyk hökmünde nesillere geçirip gelen halk. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý medeni-ruhy mirasymyzy, çuň mazmunly döwletli ýörelgelerimizi, täze taryhymyzyň öňe çykaran gymmatlyklaryny döwrebap görnüşde baýlaşdyrmakda, wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda tutumly işler amala aşyrylýar.

169725bb43f134.jpeg
6 aý ozal
BEDEW ATLAR BUÝSANJYMYZ HEM ŞÖHRATYMYZ

Her ýy­ly­my­zyň döw­re­bap at­lan­dy­ryl­ma­gy, mil­li ösü­şiň tä­ze tap­gy­ryn­da esa­sy ugur­la­ry şöh­le­len­dir­ýän şy­ga­ryň yg­lan edil­me­gi asyl­ly dä­be öw­rül­di. Şu ýy­ly­ň «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň kö­ňül buý­san­jy­ny go­şa­lan­dyr­dy.

167aed413e33c4.jpeg
1 ýyl ozal
«Ahalawtoulag» önümçilik birleşigi sürüjiler üçin boş iş orunlarynyň bardygyny yglan etdi

«Ahalawtoulag» önümçilik birleşigi sürüjiler üçin boş iş orunlarynyň bardygyny yglan etdi. Iş ýerleri degişli sürüjilik şahadatnamasy we ýeterlik iş tejribesi bolan adamlar üçin açykdyr.

168f9c978ad6fa.jpeg
7 aý ozal
Halkymyzyň saglygy - ýurdumyzyň abadançylygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-ýurt bähbitli ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilip, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy ýokary depginde ösdürilýär. Çünki ynsan saglygynyň goraglylygyny üpjün etmek, ýaş nesilleriň sagdyn ösüp kemala gelmeklerini gazanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, 10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni dabaraly bellenilip geçildi.

167aed318a2a72.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy

12-nji fewralda Tähranda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, eýran tarapyna bolsa Eýranyň Daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi ýolbaşçylyk etdi.

167aedb1985684.jpeg
1 ýyl ozal
“Türkmen hemrasy” ÝGPJ audit barlagyny geçirmek boýunça bäsleşik yglan edýär

“Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2025-nji ýylda paýdarlar jemgyýetiniň maliýe-ykdysady ýagdaýy babatda audit barlagyny geçirmek üçin audit edaralaryndan amala aşyryp biljek audit hyzmatlary boýunça täjirçilik (gutarnykly bahalaryny görkezmek bilen) tekliplerini bermeklerini soraýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.