ÝURDUMYZYŇ MILLI YKDYSADYÝETINIŇ ÖSÜŞINDE HIMIÝA SENAGATYNYŇ ORNY

29-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz beýik ösüşler bilen öňe barýar. Häzirki wagtda ata Watanymyzda milli ykdysadyýetimiziň senagat kuwwatyny has-da ösdürmek boýunça oňyn işler durmuşa ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň örän amatly geosyýasy we geoykdysady ýagdaýa, örän köp mukdardaky uglewodorod serişdelerine we beýleki ýerasty baýlyklaryna, üstaşyr geçirmek babatda uly ulag mümkinçiliklerine eýedigi aýdyň hakykatdyr. Geljegi rowaçly we ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan senagat pudaklarynyň biri-de himiýa senagatydyr. Geçmişe ser salsak, himiýa senagatynyň öz gözbaşyny birnäçe asyr mundan ozalky döwürlerden alyp gaýdýandygyny we geçen asyrda has kämilleşip, biziň döwrümizde güýçli depginler bilen ösýän häzirki zaman senagat pudagydygyny görýäris. Düýpli ylmyň we himiki tehnologiýalaryň okgunly ösmegi bu pudak üçin-de häzirki zaman ösüşiniň giň ýollaryny açýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysady ösüşleriň aýdyň ýoly bilen geljege barýan ýurdumyzyň türkmen jemgyýetine mahsus bolan oňyn ösüşleriniň aýdyň mysallarynyň köpdügini buýsanç bilen bellemek bolar. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgesini mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň bähbidini nazarlap kabul edýän ähli resminamalarynyň, amala aşyrýan işleriniň özenini ykdysady öňegidişlik düzýär. Hormatly Prezidentimiziň häzirki döwürde il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmegi we döwrebap işleri amala aşyrmagy türkmen halkymyzy, Türkmenistan döwletimizi dünýä meşhur edýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” esasynda bellenilen innowasion ösüş strategiýasyna laýyklykda, senagat pudaklaryny has-da ösdürmek göz öňünde tutulýar.  Häzir ýurdumyzda, aýratyn-da, Balkan welaýatynda ýerleşýän himiýa ugurly iri senagat toplumlary uly işleri alyp barýar.

Diýarymyzyň sebitleriniň ösüşine badalga beren “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 - 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde bişofit, epsomit, magniý oksidi we magniý metaly ýaly himiki birleşmeler natriý sulfat önümçiliginiň taşlandy şerebelerini gaýtadan işlemegiň esasynda öndüriler. Mineral dökünleri öndürmek boýunça ozal bar bolan önümçilik binýady tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylýar. Netijede, azot, karbamid, kaliý, fosfor we beýleki zerur önümleriň öndürilişi barha ýokarlandy. Munuň özi diňe bir içerki bazardaky islegi kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, milli önümleri köp möçberde eksporta ugratmaga-da mümkinçilik döretdi.

Açylyp, ulanylmaga berlenine köp wagt geçmedik Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherindäki täze zawodyň ýurdumyzyň himiýa senagatynda paýy uludyr. Täze önümçilik toplumy ýylda 1 milliard kub metre golaý tebigy gazy gaýtadan işläp, bir gije-gündiziň dowamynda 3 müň 500, ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid dökünini, her gije-gündizde 2 müň, ýylda 660 müň tonna sintetik ammiagy öndürmäge niýetlenendir. Onuň önümleri ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynyň jemi möçberiniň artmagyna kuwwatly itergi berdi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň binýadynda ulanyşa girizilen, ýyllyk kuwwaty 21 müň tonna deň bolan biaksial ugurly polipropilen örtügini öndürýän täze önümhana bu ugurda içerki islegi kanagatlandyrmaga we polimeriň daşarky bazarlara iberilýän möçberini ýokarlandyrmaga düýpli itergi berdi.

Umuman, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi has-da ös­dür­mek­de uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu iş­ler hem­me ug­ry öz içi­ne alyp, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ma­gyn­da, hu­su­sy ul­ga­myň ös­dü­ril­me­gin­de aý­dyň ýü­ze çyk­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan pa­ra­sat­ly sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi has-da ös­dür­mek­de we döw­re­bap­laş­dyr­mak­da giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýet äh­li pu­dak­la­ryň ösü­şi­ni, mö­hüm ugur­la­ry­ny özün­de jem­le­ýär, çün­ki ösü­şiň ýo­ka­ry­ly­gy yk­dy­sa­dy­ýe­tiň kuw­wat­ly­ly­gy bi­len berk bag­la­nyş­dy­ryl­ýar. Şo­nuň üçin hem mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­me­giň äh­li ugur­la­ry yl­my esas­da öw­re­nil­ýär we giň­den dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Mahym JUMAÝEWA,
Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň 7 "Ç" synp okuwçysy.

Halypa mugallymy: Ogulnabat ALYMOWA,
Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň himiýa mugallymy.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.