Habarlar
Habarlar
168d4cde675452.jpeg
6 aý ozal
GARAŞSYZLYK BILEN GALKYNAN DÖWÜR

Mukaddes Garaşsyzlygymyz halkymyzyň bagtyýarlygynyň gözbaşydyr. Her ýyl tylla güýzüň ilkinji aýynda berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk gününi dabaraly toý-baýram edip belläp geçýäris. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şu günleri beýik Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeginde yzygiderli geçirilýär.

167d4318fa8669.jpeg
3 aý ozal
INNOWASION ÖZGERTMELER – TÄZE ÖSÜŞLERE BADALGA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär, ýaşlar döwrebap bilim alýarlar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär, bilim ulgamynda döwrebap özgertmeleri durmuşa geçirýär. Häzirki täze taryhy eýýamda ýurdumyzy ösdürmegiň milli nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunda iň döwrebap ugurlar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri ylmy esasda öwrenilýär.

168bf33d836a64.jpeg
6 aý ozal
Halk maslahaty — milli demokratiýanyň dabaralanmagy

Berkarar döwletimizde milli ýörelgelerimiz üstünlikli ösdürilýär, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz ähli babatda üstünliklere eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş berdi.

168bf30e377ab8.webp
6 aý ozal
Halk Maslahaty – halkymyzyň jebisligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda amala aşyrylýan her bir iş, geçirilýän her bir syýasy-jemgyýetçilik çäre bagtyýar halkymyzyň arzuwlaryndan, isleglerinden ugur alýar we Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen naýbaşy ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýändigini bütin aýdyňlygy bilen görkezýär.

163d0c4c2b7703.jpeg
6 aý ozal
Döwletli maslahat - röwşen geljek

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň we jemgyýetimiziň abadançylygyna gönükdirilen döwlet maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi türkmenistanlylaryň döwletiň hem jemgyýetiň bähbidine öňe sürülýän başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandygynyň beýanydyr.

1682c237e6d7f5.jpeg
3 aý ozal
DÖWREBAP BILIM – KÄMILLIGE BADALGA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýarlygyň gujagynda her bir güni ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara, şanly senelere beslenýän ýurdumyz gözümiziň alnynda gülläp ösýän, tanalmaz derejede özgerýän, raýatlaryna eşret paýyny boldan eçilýän jenneti mekana öwrülýär.

1682c264c7f777.jpeg
2 aý ozal
SANLY BILIM ULGAMY - DÖWRÜŇ TALABY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimiz barha kuwwatlanýar.

168d23bdbcabf5.webp
6 aý ozal
GARAŞSYZLYK — BAGTYMYZYň GÖZBAŞY

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, tagallalary bilen ösüşlerden ösüşlere barýan Diýarymyzyň gujagynda bagtyýar zamanada şanly seneleriň şatlygy kalbymyzy gurşap alýar. Her bir güni guwandyryjy wakalara beslenýän ýurdumyzda gazanylýan ösüşler ajaýyp baýramçylyk duýgulary bilen birleşýär.

16317457f8f570.jpeg
6 aý ozal
GARAŞSYZLYK — GUWANJYMYZ

Ata Watanymyzda bagtyýar halkymyz özüniň asyrlarboýy ýüregindäki arzuw-umytlarynyň, erk-islegleriniň amala aşmagyna, milli ruhunyň dabaralanmagyna öwrülen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýuna uly ruhubelentlik bilen barýar.

163298aaba4777.jpeg
6 aý ozal
GARAŞSYZLYK — ÜSTÜNLIKLERIMIZIŇ ÖZENI

Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň iň täze taryhy, gazanýan üstünliklerimiziň hem-de ösüşlerimiziň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Taryh üçin gysga bolan döwürde ata Watanymyz Türkmenistan ösüşiň demokratik ýoluna gyşarnyksyz eýerýändigini, dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly, dostlukly gatnaşyklara, iki tarapa-da bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.