DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRENMEK – DÖWRÜŇ DERWAÝYSLYGY
18-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty bilen öňe sary ädimläp, döwletli döwrany gurýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi ýurduň ýaş nesliniň daşary ýurt dillerine sowatlylygy bilen hem baglydyr. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň netijeleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi üçin “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” kabul edildi.
Bu Konsepsiýada göz öňünde tutulan çäreleriň hatarynda diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Hut şunuň özi hem hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek boýunça alyp barýan döwletli syýasatynyň aýdyň görkezijisidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňden görüjilikli syýasaty esasynda dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Bu ugurda diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örboýuna galýar. Bu babatda üç dilliligi ösdürmek taglymaty öňe sürülip, degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw jaýlarynyň ählisinde daşary ýurt dilleri öwrenilýär. Bu ugurda esasan iňlis we rus dilleriniň ýokary derejede geçilmegi türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerinde erkin gürlemeklerine, olaryň köpugurly bilimli bolmaklaryna gönükdirilendir.
Häzirki wagtda, täze eýýamda ýaşlaryň dil öwretmegine bolan talap güýçlenýär. Okatmagyň häzirki zaman usulyýeti okuw işlerinde sanly ulgamdan döredijilikli peýdalanmagy talap edýär. Bu babatda ýurdumyzda hereket edýän “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, daşary ýurt dillerini okatmagyň amaly we nazaryýet esaslaryny özleşdirip, olardan netijeli peýdalanmakda, ýaş nesliň işjeňligini artdyrmakda, okuw işiniň depginini ýokarlandyrmakda, ýokary okuw mekdeplerinde bilim berlişiniň hilini gowulandyrmakda aýratyn tagalla edilýär.
Dil öwrenmek, esasan hem, daşary ýurt dillerini öwrenmek adamynyň dünýägaraýşyny ösdürýär, pikirlenişini has-da baýlaşdyrýar. Döwrüň ösmegi, özgermegi Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň barha giňelmegi, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ýygjamlaşmagy, daşary syýasatymyzyň dabaralanmagy daşary ýurt dilleri özleşdirmekligi we öwrenmekligi talap edýär. Çünki, hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlarynyň döwre mynasyp sowatly bolmaklaryny gazanmaklyga aýratyn üns berip, bu ugurda taýsyz tagallalary amala aşyrýar we bizden oňyn netijelere garaşýar.
Ata Watanymyzda daşary ýurt dillerini öwrenijileriň öwrenýän dilini aňsat özleşdirmekligi üçin niýetlenilen dürli programmalar döredildi. Daşary ýurt dillerini dürli oýunlaryň üsti bilen öwredýän programmalar dili örän çalt we aňsat özleşdirmäge ýardam edýär. Ýurdumyzda döwrebap sanly tehnologiýalaryň esasynda döredilýän bu mümkinçilikler bolsa, hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň barha rowaçlyklara beslenip, giňden dabaralanýandygyny görkezýär. Bilim ojaklarynda dil öwrenmek derslerinde ýokary innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp, bilim beriş usullarynyň soňky gazananlaryna daýanylyp geçilýän sapaklarda dil biliminiň aýratyn üns merkezinde bolmaklygy - geljegiň ýagtylygyndan habar berýär. Sebäbi, aýdyň geljek şu günüň ýaşlarynyň sowatlylygy bilen bagly. Dil bilmek bolsa bilimiň wajyp sütünleriniň biri. Bu gün dünýä bize garaýar, türkmen ýoly dünýä çykýar.
Türkmen ýaşlary eşretli eýýamyň gujagynda ýaşap, ýüregini buýsanja, dillerini joşguna besleýär. Bu günki günde hemişelik Bitaraplygymyzyň we parahatsöýüjilikli syýasatymyzyň astynda dost-doganlyk dillerimizi hasam anyk öwrenip, ýaş nesilleriň dil taýýarlygyny pugtalandyrmakda yhlasly zähmet çekýäris. Daşary ýurt dilleri boýunça sowatlylygy ösdürmäge we hünärimizi kämilleşdirmäge döredip berýän ummasyz mümkinçilikleri üçin, dünýä içre ykrar edilen Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.
Maýsa REJEPOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň dosenti.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.