Habarlar
Habarlar
1695e46984149a.jpeg
5 aý ozal
HALKYMYZYŇ SAGLYGY – ÝURDUMYZYŇ BAŞ BAÝLYGY

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişe üns merkezinde saklanylýar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, keselleriň öňüni alyş we bejeriş çärelerini talabalaýyk ýola goýmak, ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek, derman senagatyny ösdürmek boýunça işler üstünlikli dowam etdirilýär.

1691181bc69f89.jpeg
7 aý ozal
Baş Kanunymyz bagtly durmuşymyzyň binýadydyr

Häzirki wagtda ýurdumyzyň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we berkitmek ugrunda kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegi, döwlet häkimiýet edaralarynyň netijeli işlemegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi uly ähmiýete eýedir. Munuň özi döwletimiziň hukuk esaslaryny berkitmek arkaly ösüşlerimiziň has-da rowaçlanmagyna, ýurdumyzyň kuwwatlanmagyna alyp barýar.

1695de5bc0417f.jpeg
5 aý ozal
Sagdyn jemgyýet - ruhubelent halk

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladalary bilen raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda, kopçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdurmek, ýurdumyzyň abadançylygyny gowulandyrmak ugrunda uly tagallalar edilýar. Sagdynlygyň hem-de gülläp ösüşleriň, ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistan Watanymyzda ýurdumyz üçin uly baýlyk bolan adamyň jan saglygynyň goragyny ýokary derejä ýetirmek maksady bilen uly işler alnyp barylýar.

1695d63f4571b4.jpeg
5 aý ozal
Ýaş neslimiziň goragynda

Hormatly Prezidentimiziň peder ýoluny mynasyp dowam etdirip, üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri ilatyň durmuş derejesini has-da gowulandyrmaklyga, ýaş nesilleriň geljegi hakyndaky aladalara gönükdirilýär. Çagalara bolan asylly we mähirli gatnaşyklar jemgyýetimiziň durmuş hem-de ruhy sagdynlygyny kesgitleýär.

1695de513c7304.jpeg
5 aý ozal
Sagdynlygyň gözbaşy

Bitarap döwletimiziň durmuş-ykdysady güýji halkymyzyň ruhy galkynyşy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglydyr. Şu nukdaýnazardan ýurdumyz boýunça durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki ugurdaş maksatnamalar eziz Watanymyzyň ilatynyň saglygyny ählitaraplaýyn goramaga, ýaşlary sport bilen yzygiderli meşgullanmaga giňden çekmäge ýardam edýär.

1695d61a1ebf6a.jpeg
5 aý ozal
Gö­zel te­bi­gat — sagdynlygyň çeş­me­si

Hä­zir­ki dö­wür­de eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri we daş­ky gur­şa­wy ýa­ra­maz tä­sir­ler­den go­ra­mak tu­tuş dün­ýä­de ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di. Eziz Wa­ta­ny­myz­da te­bi­gy baý­lyk­la­ry­my­zy we gö­zel­li­gi­mi­zi go­rap sak­la­mak, ola­ry gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek hor­mat­ly Prezidentimiziň dur­mu­şa ge­çir­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Se­bä­bi te­bi­gat bi­ziň mäh­ri­ban öýü­miz­dir.

1690a0e5d89b95.jpeg
7 aý ozal
Türkmen tebigaty — saglygyň çeşmesi

Berkarar döwletimiz dag ýerinde dagy, düz ýerinde düzi, deňiz ýerinde deňzi bolan tebigatyň ähli ajaýyplyklaryny özünde jemleýän ülkedir. Hazar deňzi umman gelip çykyşy bolan dünýäde iň iri içerki suw howdany. Ol biziň günlerimize çenli özüniň ajaýyp gözelligini we tebigy künjekleriniň köpdürlüligini, baý ösümlik we haýwanat dünýäsini saklap gelen genji-hazynadyr.

1695d5f783fde2.jpeg
5 aý ozal
Sagdyn ýaşaýyş — bagtyýar durmuş

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmekde amala aşyrylýan maksatnamalar ýurdumyzda ynsan saglygynyň döwletiň iň gymmatly baýlygy hökmünde möhüm orun eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

1695d5c41644f1.jpeg
5 aý ozal
Uzak hem sagdyn ýaşamagyň syry

Ynsan saglygy ähli zatdan belentde goýulýan ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Parahatçylyk, abadançylyk, raýatlarymyzyň jan saglygy netijesinde döredijilikli zähmet ýurdumyzyň gülläp ösüşini üpjün edýär. Şunda kadaly iýmitlenmek, arassa howa we bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli amal etmek hem-de sport bilen meşgullanmak jan saglygynyň girewidir.

16976fb8b3b438.jpeg
4 aý ozal
Sagdyn durmuş ýörelgeleri

Halkyň saglygynyň döwletiň baýlygyna deňelýän ýurdumyzda sagdyn jemgyýetiň binýady berkidilýär, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu babatdaky döwlet syýasatynyň esasy maksady sagdyn durmuş ýörelgelerini her bir ynsanyň, tutuş jemgyýetiň ýaşaýyş kadalaryna ornaşdyrmaga gönükdirilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.