Saglyk – ruhubelentligiň binýady

27-03-26

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistan döwletimizda halkymyzyň saglygy goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda milli lukmançylyk ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen indi däp bolşy ýaly, her ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni dabaraly bellenilýär.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan döwlet Baştutanymyzyň asylly başlangyçlary ähli watandaşlarymyza, ilkinji nobatda, ýaşlara şahsy görelde görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz sport enjamlarynyň her haýsynyň özboluşly aýratynlygynyň bardygyny, olaryň bedeni taplamagynda, adam saglygyny pugtalandyrmakda örän ähmiýetlidigini belleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygy we abadançylygy ähli zatdan ileri tutulyp, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, her bir raýatyň saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatda giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar. Milli saglygy goraýyş ulgamynyň infrastrukturasy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Onuň üsti Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezleri bilen yzygiderli ýetirilip durulýar. Munuň özi ilatyň saglyk ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna we ortaça ýaşynyň artmagyna örän oňat täsir edýär.

Türkmenistan milli saglygy goraýyş ulgamyny özgertdi we ösdürdi hem-de oňa ilatyň durmuş taýdan goraglylygy boýunça köp maksatly ulgam derejesini berdi.Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň saglygyny goramakda giň gerili işler durmuşa geçirilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy okgunly ösýär.

Şäher we oba saglyk öýlerinde maşgala lukmançylygy ýörelgesi boýunça edilýän saglygy goraýyş hyzmatlary kämilleşdirildi. "Saglyk” döwlet maksatnamasynyň netijesinde ähli ýaşdaky raýatlaryň keselçilik görkezijisi peseldi. 

Milli saglygy goraýyş ulgamyny standartlaşdyrmak üçin lukmançylyk hyzmatlarynyň hiline, bejeriş–öňüni alyş merkezleriniň bejeriş–anyklaýyş mümkinçiligine baha bermek maksady bilen kadalaşdyryjy resminamalar, şeýle-de hassahanalaryň derejesine laýyklykda lukmançylyk hyzmatlarynyň ýeke-täk klassifikatory.

«Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip belleýän hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzda gurulýan saglygy goraýyş edaralarynyň binagärlik babatda ýokary ölçeglere, milli äheňlere laýyk bolmagyny üpjün etmäge aýratyn üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde saglygy goraýyş edaralarynyň binagärlik-gurluşyk taslamalary işlenip düzülende, dünýäde gazanylan oňyn tejribeler, innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy inženerçilik, binagärlik, bezeg işläp taýýarlamalary işjeň ulanylýar. Şol bir wagtda taslama we binagärlik işleri boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, ýaşlary bu işlere çekmäge uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa saglygy goraýyş maksatly binalaryň halkara hil ölçeglerine we talaplaryna doly laýyk gelmegini şertlendirýär.

Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, «Saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr». Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyz Aşgabat we sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherlerindäki, ýurdumyzyň beýleki sebitlerindäki saglygy goraýyş edaralarynda çylşyrymly hem-de inçe ugurly lukmançylyk amallaryny geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän we bilim alýan, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça oňyn üstünlikleriň gazanylýandygyny bellemelidiris. Täze taryhy eýýamda Aşgabat şäherindäki Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, Arkadag şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi we köpugurly hassahana, Balkan welaýatynda iki sany köpugurly hassahana, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde köpugurly hassahana we onkologiýa hassahanasy hem-de başga-da köp sanly saglygy goraýyş edaralary ilata halkara standartlara laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemäge gönüden-göni ýardam berýär. Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlary bolsa ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny täze derejelere çykarar. Gurluşygy ýokary depginlerde dowam etdirilýän Aşgabatdaky Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleri, Stomatologiýa merkezi, şeýle hem «Arçman» şypahanasyndaky täze goşmaça binalar toplumy milli saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üstüni ýetirer.

Ilatyň saglyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli durmuşa  geçirilýän strategiýa, döwlet syýasatynyň saglygy goraýyş ulgamynda wajyp ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini dünýädäki öňdebaryjy sepgitleri nazara almak bilen özgertmek döwlet syýasatyň ileri  tutulýan ugrudyr. Onuň maddy enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak möhüm bolup durýar.

Goý, halkymyzyň saglygy goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýän, ildeşlerimizi bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadaglyly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

Laçyn AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Deri-weneriki keselleri kafedrasynyň assistenti.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.