HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ AÝDYŇ ÝOLY
16-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli we aýdyň maksatly işler netije berýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär. Munuň özi dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini wagyz etmekde, hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ägirt uly mümkinçilikleri diňe bir ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek üçin däl, eýsem, halklaryň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni, ynsanperwer ýaly ugurlarda giň hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ýardam edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň halkara jemgyýetçiligi bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürilýär. “Açyk gapylar” syýasaty ýurdumyzyň halkara giňişliginde howpsuzlygy kepillendirýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilendigine we parahatçylygyň merkezine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän döwletimiziň dünýädäki abraýyny barha ýokarlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly beýik taglymaty parahatçylygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň aýdyň ýoluny beýan edýär. Parahatçylyk halklaryň abadan durmuşydyr, her bir adamyň baky bagtydyr. Şonuň üçin hem häzirki ajaýyp döwrümizde parahatçylyk söýüjilikli ýoly wagyz etmek we dünýäde giňden dabaralandyrmak asylly ýörelgä öwrüldi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda asylly ýörelgä eýerip, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly dabara bilen toýlap geçdik. Hemişelik Bitaraplyk dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga giň mümkinçilik döredip, bu ugurda ummasyz goşandyny goşýar.
Halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilikli, päk niýetli, ynsanperwer däplerimizi dünýä ýaýmak, ýaş nesliň kalbyna guýmak hemmämiziň watançylyk borjumyz bolup durýar. Bilim işgärleriniň öňünde durýan uly wezipe oňyn bitaraplygymyzyň gymmatyny ýaş nesillere düşündirmekdir. Bu beýik dereje türkmen halkynyň abraýyny belende göterýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen bilelikde, sebitde syýasy durnuklylygy goldamakda, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde uly orun eýeleýär. Hemişelik Bitaraplygyň parahatçylykly, dostlukly ýoly bilen durnukly ösüşlere eýe bolan Diýarymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmen jemgyýetiniň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagy üçin zerur şertler döredilip, ýurdumyz ägirt uly ösüşlere, oňyn özgertmelere beslenýär. Şunda dünýäde parahatçylygy wagyz etmek, hemişelik Bitaraplygyň asylly maksatlaryny rowaçlandyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly ajaýyp goşgusy biziň ýüreklerimizde orun aldy. Her bir ynsanyň kalbynda orun alan “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly ajaýyp goşgy abadançylygyň, dost-doganlygyň belent waspydyr. Şeýle ajaýyp döredijilik bagtyýar durmuşymyzy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Mähri NURLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.