Dermanlyk ösümlikleri — tebigy dermanhana

16-12-25

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýola goýlan giň gerimli işler, saglygy goraýyş ulgamyndaky düýpli özgertmeler bu günki gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda lukman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy işlenip düzüldi we yzygiderli, tapgyrlaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylyp, netijeli durmuşa ornaşdyryldy hem-de has kämilleşdirildi.

Her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli indi däbe öwrülen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilýär. Onda ýurdumyzyň gazananlary bilen tanyşmaga, lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän möhüm ähmiýetli çäreleriň biridir.

Bu forumda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Nobatdaky kitap Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylmy ensiklopediýasynyň üstüni ýetirmek bilen, Diýarymyzyň ösümlik dünýäsiniň keselleri bejermekdäki gymmatly tebigy gorlary boýunça maglumatlary okyjylara ýetirýär. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi, ozalkylarda bolşy ýaly, «Dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy» hem-de «Maglumatnama» diýen iki bölümden ybaratdyr. Kitabyň baplarynda gymmatly, şypaly hazyna hasaplanýan 107 sany dermanlyk ösümlik barada doly we düýpli maglumatlar berilýär.

Baý mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary türkmen tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem ýardam edýär. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinip, dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary, şeýle hem saklamagyň möhletleri baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň täze jildinde «tebigy dermanhana» yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň, türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribeleri beýan edilýär. Bu eser ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem goşant goşar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda durmuşa geçirilen ägirt uly işleri anyk delilleriň, statistiki maglumatlaryň üsti bilen täsirli beýan edýän 22 sany bölümden ybaratdyr. Täze kitap «Il saglygy — ýurt baýlygy», «Saglygy goraýyş ulgamynyň guramaçylygy we dolandyrylyşy» atly bölümler bilen açylýar. Onda täze döwrümiziň döredijilik kuwwatynyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň lukmançylyk desgalaryna aýratyn bölüm bagyşlanypdyr. «Keselleriň öňüni almak — sagdyn durmuşyň esasy», «Sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek», «Döwrebap bejeriş-öňüni alyş usullary», «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak» atly bölümlerde öňüni alyş çäreleriniň oňyn netijeleri barada giňişleýin maglumat berilýär. «Saglygy goraýyş ulgamynyň kämil maddy-tehniki binýady», «Saglygy goraýşyň maliýe üpjünçiligi» atly bölümlerde ulgamy özgertmek boýunça durmuşa geçirilen işler öz beýanyny tapýar. «Sagdyn ene — sagdyn nesil» atly bölümde eneleriň» we çagalaryň saglygyny goramak babatda alnyp barlan işler, «Hassahana bejergisi» atly bölümde bolsa döwrebap enjamlaryň adamyň saglygyny goramakdaky ähmiýeti barada söhbet edilýär.

Täze kitapda milli saglygy goraýyş ulgamynyň kardiologiýa, pulmonologiýa, onkologiýa, endokrinologiýa gulluklarynyň ösüşine aýratyn bölümler bagyşlanypdyr. «Derman senagatynda ösüşler, «Ilatyň derman serişdeleri bilen üpjünçiligi» atly bölümlerde degişli ugurda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler beýan edilýär. «Melhemli şypahanalar» atly bölümde ýurdumyzyň şypahana ulgamynyň mümkinçilikleri barada durlup geçilýär. Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär derejesiniň hem-de ulgamyň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilişine-de ýörite bölümler bagyşlanypdyr. «Saglygy goraýyşda sanly ulgam» atly bölümde bolsa sanly lukmançylygy ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler kesgitlenilýär. Täze eser «Saglygy goramak döwletiň baş wezipesidir» atly bölüm bilen jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň eseri türkmen, iňlis we rus dillerinde giň okyjylar köpçüligine ýetirilýär.

Lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň çapdan çykmagy halkymyza ajaýyp sowgat boldy. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn! 

Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.