DURMUŞYŇ JOGAPKÄRÇILIKLI BAŞLANGYJY
20-03-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany" ýylynyň her bir sahypasy täze ösüşler bilen ýazylýar. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgerişler, ozaly bilen, başlangyç synp basgançagyndan gözbaş alýar. Emma başlangyç synpda sapak geçmek diňe bir programma laýyklykda sowat öwretmek däl-de, eýsem, çaganyň kemala gelip başlan “menligini” kämilleşdirmek, onuň içki dünýäsini owadan reňkler bilen bezemek sungatydyr.
Başlangyç synp okuwçysy üçin mekdep - bu uly we nätanyş dünýä. Şol dünýäniň ilkinji ýolgörkezijisi bolsa mugallymdyr. Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ýaş nesliň terbiýesi döwletimiziň geljegidir. Mugallym sapaga giren pursatynda diňe bir okuw kitabyny däl, eýsem öz mährini we sabyr-takatyny hem bile getirýär.
Başlangyç synplarda okatmagyň esasyny - ynam tutýar. Çaga mugallymyna ynansa, ol ylma hem ynanýar. Şonuň üçin hem, täze eýýamyň mugallymy her bir okuwçynyň özboluşly zehinini, onuň häsiýetiniň inçe taraplaryny duýmagy başarmalydyr. Başlangyç synp mugallymy hökmünde aýtsam, nähili ýer şarynyň her künjegi özboluşly bolsa, her bir körpäniň kalby hem özboluşly bir “düjnýädir”. Şol dünýäniň baýlyklaryny açyp görkezmek mugallymyň ussatlygyna baglydyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň Konsepsiýasy” başlangyç synp okuwçylaryndan diňe bir ýat tutmagy däl, eýsem sebäp-netije baglanyşygyny gurmagy talap edýär. Sapakda bir meseläniň çözgüdini tapan çaganyň gözlerindäki şatlyk - bu hakyky bilimiň miwesidir. Emma bilim terbiýe bilen berkidilmese, ol durnukly bolmaýar. Gahryman Arkadagymyzyň öz eserlerinde nygtaýyşy ýaly, milli mirasymyz, pederlerimiziň edep mekdebi başlangyç synp sapaklarynyň süňňüne siňmelidir. Okuwçy harplary öwrenende “W” harpy bilen “Watan” sözüniň mukaddesligini, “E” harpy bilen “Ene” mähriniň belentligini aňyna guýmalydyr. Bu bolsa bilimiň diňe bir akyl üçin däl, eýsem kalp üçin hem niýetlenendigini subut edýär.
Täze eýýamda geçilýän her bir başlangyç synp sapagy - bu mugallymyň monology däl, eýsem okuwçy bilen guralýan janly we döredijilikli söhbetdir. Sapakda çaga ýalňyşmakdan gorkmaly däl. Mugallymyň wezipesi ýalňyşy düzetmek däl-de, okuwçynyň özüniň dogry çözgüde gelmegine ýol görkezmekdir. Mugallymyň elde ýasalan görkezme esbaplarynyň, dürli maketleriň we şekilleriň kömegi bilen çagalar dünýäniň gurluşyny amalyýetde öwrenýärler. Bu bolsa olarda “özüm ýasadym, özüm düşündim” diýen duýguny oýaryp, özüne bolan ynamyny artdyrýar. Matematika sapagyndaky sanlar ýa-da ene dili sapagyndaky goşgular çaganyň döredijiligini oýarmalydyr.
Jemläp aýdanymyzda, başlangyç synpda okatmak - bu durmuşyň iň uly we iň jogapkärli başlangyjydyr. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bilim ulgamynda döredilen mümkinçilikler bizi täze sebitlere ruhlandyrýar. Biz her bir sapakda diňe bir maglumat bermän, eýsem kämil ynsanlary, şöhratly Türkmenistanymyzyň mynasyp ogul-gyzlaryny ýetişdirmegi maksat edinýäris. Halkymyzyň geljegini ylym we bilim bilen gurşap alýan, mugallymlaryň mertebesini belentde tutýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik tutumlary elmydama rowaç bolsun!
Dildar JUMAKULYÝEWA,
Lebap welayatynyň Çärjew etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.