MAŞGALA TERBIÝESI – MÖHÜM TERBIÝE

12-12-25

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzyň geljegi bolan maşgala ojagynyň berkligi, agzybir maşgalalarda terbiýelenýän ýaş nesliň edepli-terbiýeli, bilimli-hünärli, watansöýüji, zähmetsöýer, maksada okgunly bolup ýetişmegi üçin uly tagallalar edilýär. Şol tagallalar ýurdumyzda çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşiniň üpjün edilmegine, belent ahlak sypatlarynyň terbiýelenmegine gönükdirilendir. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesiller milli ruhda terbiýelenýär. Şonuň üçin hem olar milli medeniýetimize, ene dilimize sarpa goýýarlar. Ýokary medeniýetlilik her bir adamyň hereketinde, gündelik işinde, maşgala durmuşynda aýdyň görünmelidir. Ýaşlaryň özüni medeniýetli alyp barmagy, okuwlaryna oňat ýetişmegi, medeniýetli sözlemegi milli terbiýäniň özenidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Maşgalam - baş galam” diýen pähimi miras galdyran ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri döwrebap many-mazmuna beslenip, mynasyp dowam etdirilýär. Maşgala terbiýesi islendik çaga üçin täze bir dünýäniň gapysyny açýar. Döwletimiz tarapyndan maşgalanyň binýadynyň berk bolmagy, onuň agzalarynyň agzybir, eşretli durmuşda ýaşamaklary üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändigi döwrümiziň buýsançly hakykatydyr. Gadymy zamanlardan bäri maşgala ojagy türkmen halky üçin mukaddeslik saýylyp, ol milli ahlak, medeni, ruhy gymmatlyklaryň saklanýan, goralýan, kämilleşdirilýän ýeridir.

Maşgalada watansöýüjilik, namysjaňlyk, halallyk, dogruçyllyk, rehimdarlyk, ejize howandarlyk ýaly ýokary adamkärçilik sypatlary perzentleriň aňyna guýlupdyr. Onuň netijesinde hem tutuş jemgyýetde adamlaryň özara gatnaşyklarynda şol ýörelgeleriň rowaçlanmagy gazanylypdyr. Ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Şunda ýaşlar watansöýüjilik, ene dilimize, nusgawy edebiýatymyza belent sarpa ruhunda terbiýelenýär. Bu asylly ýörelgeler görelde bilen, öwüt-ündew bilen nesilleriň aňyna guýulýar. Esasan hem, gadymdan gelýän nakyllaryň üsti bilen nesil terbiýelemek örän täsirlidir. Ýaşlara nakyllary aýdyp bermek bilen, olarda pähimli sözlere, ene dilimize belent sarpany hem terbiýelemek mümkin. Ata-babalarymyz “Edep başy - dil” diýen pähimiň üsti bilen pähimli sözleriň ähmiýetiniň has-da täsirlidigini belläpdirler.

Maşgala terbiýesinde medeniýetli sözleýiş aýratyn ähmiýete eýedir. Şonuň üçin hem ýaş nesillere nusgawy edebiýatymyzyň eserlerini, nakyllary, halk döredijilik eserlerini okatmak, öwretmek zerur ähmiýete eýedir. Magtymguly Pyragy ýaly zehinli şahyry terbiýelän Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy - Azat” eserini aýratyn belläsimiz gelýär. Bu ajaýyp eserde ýaş nesiller üçin gymmatly terbiýe mekdebi bar. Bu kitap tutuşlygyna il-günüň arzuw hyýallary esasynda, halk döredijiliginden, durmuş wakalaryndan ýerlikli peýdalanyp döredilen eserdir. Bu eserde esasy maksat halkyň ruhuny galkyndyrmakdan, ýaş nesliň edep-terbiýeli, medeniýetli, giň düşünjeli, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegini gazanmakdan ybarat bolup durýar. Şeýle-de eserde perzendiň öňündäki borç-wezipeleri, öz çagalaryny il-güne peýdaly, jemgyýete ähmiýetli, zähmetsöýer adamlar edip ýetişdirmek, adamlara ýagşylyk etmek dogrusynda söz açylýar. Şonuň üçin hem bu gymmatly edebi miras nesil terbiýesinde aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, mynasyp nesli kemala getirmek babatynda uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa ýaşlaryň Watana bolan söýgüsini has-da berkidip, geljege ynamyny artdyrýar. Asyllylyk, halallyk, Watana wepalylyk, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeleri ýaşlaryň aňyna guýmak döwrümiziň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Bu gymmatlyklar ata-babalarymyzyň kämilleşdiren asylly ýörelgesidir, watansöýüjiligiň mekdebidir. Ynsan öz dowamaty bolan perzendine şeýle asylly ýörelgeleri öwretmek bilen, milli gymmatlyklara bolan sarpasyny beýan edýär. Şonuň üçin asylly terbiýeli perzendi kemala getirmek ynsan kalbynyň iň belent arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr. Jemgyýet ösüp gelýän ýaş nesillerimize baglydyr. Maşgalada nesil terbiýesi jemgyýetçilik terbiýesiniň esasyny düzýär. Şol sebäpli geljegimiz bolan ýaş nesilleriň terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmegi üçin her birimiz öz goşandymyzy goşmalydyrys.

Alma ANNABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.