Bitaraplyk – parahatçylygyň we ynanyşmagyň baýramy

14-12-25

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen bilelikde, Halkara Bitaraplyk gününi baýram etmegi dekabr aýynyň ähmiýetli wakasy bolar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça 2017-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etdi. Ol gün ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl doldy. BMG bilen hyzmatdaşlyk netijeli, yzygiderli we işjeň häsiýete eýe bolup, köpugurly gatnaşyklary öz içine alýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly baýramynyň BMG-niň 80 ýyllygy bilen utgaşmagynda çuň many bar. Türkmenistan hem-de Milletler Bileleşigi dünýäde abadançylygy hem-de gülläp ösüşi pugtalandyrmagy ählumumy wezipe hasaplaýar.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Parahatçylyk we ynanyşmak düşünjesi syýasy taýdan ählumumy ähmiýete eýe bolan garaýyşdyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly Bitaraplyk syýasatynyň düýp mazmunyny emele getirýän giň dünýägaraýşy, ynsanperwer ýörelgeleri pugtalandyrýar. Ol ösüşiň we abadançylygyň umumy maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen täze mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Milletler Bileleşigi bilen birnäçe halkara dabaralar guraldy.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyş edip, sebit hem-de halkara ähmiýetli meseleler boýunça netijeli çözgütleri öz içine alýan Türkmenistanyň tekliplerini hem-de ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etdi. Bu taryhy çykyş halkara jemgyýetçilikde giň seslenme döretdi. Şunda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek möhüm ugurlaryň hatarynda bellenildi. Ýurdumyzyň daşary syýasat başlangyçlary, esasan, energetika howpsuzlyk ulgamyny, ulag düzüminiň ösdürilmegini, ekologiýanyň goralmagyny we durnukly ösüşiň beýleki möhüm meselelerini öz içine alýar. Ýurdumyz dünýä ähmiýetli işlere giňden gatnaşmak bilen, halkara syýasy giňişlikde abraýly ornuny ýylsaýyn pugtalandyrýar. Munuň özi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk, goşulmazlyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan, halkymyzyň hem-de tutuş adamzadyň bähbidine gabat gelýän syýasaty dabaralandyrýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz BMG-niň belent münberinden Baş Assambleýanyň ýubileý sessiýasyna parahatçylygy we durnuklylygy berkitmegiň möhüm tapgyry hökmünde garaýandygyny aýtdy. Öňüni alyş diplomatiýasy türkmen Bitaraplygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şonuň üçin Baş Assambleýanyň çözgüdi hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Howpsuzlyk Geňeşine agza döwletleriň goldaw bermegi bilen 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Sebit merkeziniň orny hakynda Kararnamalaryň kabul edilmegi onuň halkara-hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda, kuwwatyndan we mümkinçiliginden netijeli peýdalanmakda möhüm ähmiýetli waka boldy. Häzirki wagtda Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik wekilhanasynyň, Ösüş Maksatnamasynyň, ÝUNISEF-iň, BSGG-niň, UNFPA-nyň wekilhanalarynyň, şeýle hem dünýä bileleşiginiň beýleki birnäçe ýöriteleşdirilen edaralarynyň hemişelik esasda üstünlikli işleýändigini bellemek has-da ýakymly.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama Garaşsyz Watanymyzyň hem-de dünýäniň häzirki zaman syýasatynyň we diplomatiýasynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň bu Kararnamasyny öz Konstitusiýasynda beýan eden dünýäde ýeke-täk döwletdir. Şunda halkymyzyň baý taryhy tejribesiniň möhüm ähmiýete eýe bolandygyny bellemek gerek. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, dostluk, açyklyk türkmeniň özboluşlylygynyň esasyny düzýär. Hemişelik Bitaraplyk ýoly ata-babalarymyzyň belent adamkärçilikli häsiýetlerine we dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýar. Taryhy tejribeler bize başgalaryň pikirine hormat goýmagy, birek-birege düşünişmegi, parahatçylygyň we asudalygyň gadyryny bilmegi, goňşular bilen dostlukly gatnaşyk saklamagy, agzybir bolmagy öwretdi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň hemişelik Bitaraplygymyzy tassyklaýan üç sany Kararnamany kabul etmegi Türkmenistanyň milli, sebit we ählumumy strategiýalary, umumadamzat bähbitli maksatnamalary hem-de meýilnamalary durmuşa geçirmekde edýän tagallalaryna berlen nobatdaky belent baha boldy. BMG-niň çäklerinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Ol Bitaraplyk babatda köptaraplaýyn we tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Munuň özi hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň möhüm netijeleriniň biridir. Bu başlangyç dünýä halklarynyň parahatçylykly we özara ynanyşykly ýaşaşmagyň däplerini pugtalandyrmak boýunça tagallalaryny birleşdirmäge, bar bolan meseleleri çözmäge hem-de geljekki nesillere has gowy geljegi gurmak üçin dialogyň we hyzmatdaşlygyň esasynda bilelikdäki işe gönükdirilendir.

Goý, berkarar Diýarymyzy parahatçylykly ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýantürkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Aýsoltan MUHAMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.