Sagdyn jemgyýet ― kuwwatly döwlet
16-03-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, hormatly Prezidentimiz halkymyzyň dünýä ülňülerine laýyklykda dynç almaklaryny, saglyklaryny berkitmeklerini döwlet derejesinde esasy meseleleriň biri hökmünde goýýar. Ilatyň saglygyny pugtalandyrmakda we keselleriň öňüni almakda, ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatynyň gurluşyny, dolandyrylyşyny, hilini hem-de ony guramagyň usullaryny we oňa gözegçilik etmegiň ulgamyny kämilleşdirmek babatda giň möçberli işler alnyp barylýar.
Şeýle hem Garaşsyzlyk ýyllarynda ynsan saglygynyň goralmagyna gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuk namalary we döwlet maksatnamalary yzygiderli kämilleşdirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 52-nji maddasynda: «Her bir adamyň saglygyny gorap saklamaga, şol sanda döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga hukugy bardyr» diýlip kesgitlenen. Ýurdumyzda adam döwletiň baş baýlygy hasaplanýar, onuň saglygy bolsa döwlet üçin wajypdyr. Şu nukdaýnazardan, «Şypahana işi hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda», «Derman üpjünçiligi hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary adamyň saglygynyň pugtalandyrylmagyna we keselleriň öňüniň alynmagyna, ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatynyň gurluşynyň, dolandyrylyşynyň, hiliniň hem-de ony guramagyň usullarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir.
Şeýle-de ýurdumyzda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly milli strategiýa, Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy, Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýa we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy, «Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» ýaly iri taslamalar durmuşa giňden ornaşdyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 30-njy awgustynda gol çeken Permanyna laýyklykda, her ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň döwlet derejesinde bellenilip geçirilmegi saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini has-da buýsandyrýar.
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy bellenilen güni Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň giň okyjylar köpçüligine hödürlenilmegi, bu eseri öz ýankitabyna, usuly gollanmalaryna öwürjek lukmanlaryň kalbynda şatlyk duýgusyny goşalandyrdy. Bu kitap lukman Arkadagymyzyň düýpli ylmy ensiklopediýasynyň üstüni ýetirmek bilen, Diýarymyzyň ösümlik dünýäsiniň keselleri bejermekdäki gymmatly tebigy gorlary boýunça maglumatlary okyjylara ýetirýär. Täze kitap ozalkylarda bolşy ýaly, «Dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy» hem-de «Maglumatnama» diýen iki bölümden ybarat bolup, onuň baplarynda gymmatly, şypaly hazyna hasaplanýan dermanlyk ösümlikleriň ençemesi barada doly we düýpli maglumat berilýär.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda lukmançylyk ylmyny ösdürmäge we lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, şeýle hem ýaş hünärmenleri taýýarlamagyň hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we bu ugurda halkara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine hemmetaraplaýyn ýardam edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Mubarak MURATOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ýürek-damar hirurgiýa okuwly gospital hirurgiýa kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.