Baky Bitaraplygymyz – taryhy hakyda
12-12-25
Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi göwnümizi galkyndyrýar.
Halklaryň arasynda ynamy berkitmek arkaly dünýä ýüzünde parahatçylygy gazanmak — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň baş maksadydyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda öňe sürlen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilen Kararnamanyň kabul edilmegi milletimiziň asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçirip gelen ynsanperwer gylyk-häsiýetleriniň, nurana ýörelgeleriniň, mizemez däp-dessurlarynyň bu gün hemişelik Bitaraplyk ýörelgesiniň esasynda Ýer ýüzünde rowaçlanýandygynyň aýdyň nyşany boldy. Bu hakda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde: «Biziň döwletimiziň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýynda onuň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen taryhy hakydasy, psihologiýasy, milli aň-düşünjesi öz beýanyny tapdy» diýip, buýsanç bilen belleýär.
Parahatçylygy dabaralandyrmak ýolunda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň aýratyn häsiýete eýedigini nygtamak gerek. Hemişelik Bitaraplyk — türkmen halkynyň ykbalynda dogan bagt ýyldyzy bolup, bu gün öz şuglasyny tutuş dünýä saçýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar ýazylan şanly waka boldy. Çünki hut hemişelik Bitaraplyk derejesiniň üsti bilen, ata Watanymyz Türkmenistan Ýer ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde belent abraýa eýe bolup, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, ruhy-medeni durmuşda belent-belent üstünlikleri gazanyp, dünýä jemgyýetçiliginde öz mynasyp ornuny tapmaga mümkinçilik gazandy. Ýeri gelende bellesek, Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň abraýly guramasy bolan BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmagy her bir türkmen raýaty üçin uly buýsançdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp eserindäki dürdäne jümlelere ser salanyňda hem parahatçylygyň iňňän uly gymmatlykdygyna düşünýärsiň. Eserde Milli Liderimiziň: «Iň uly baýlyk — parahatçylyk. Mal-mülk tapylar, agzybir, asuda ýaşaýşyň bahasy ýokdur» diýip belleýşi ýaly, biziň asuda durmuşymyzyň özeni bolan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň gymmaty hem ölçärden has ýokarydyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň degişli ýyllar üçin daşary syýasy ugrunyň Konsepsiýasyna laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar hem-de dünýäniň köp ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Ösüş Maksatnamasy, ÝUNESKO, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygy täze ösüşlere eýe bolýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyza eýe bolmagymyza laýyk 30 ýyl dolýar. 30 ýyl taryh üçin uly möhlet däl. Şeýle-de bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda milli ýörelgelerimizden gözbaş alýan hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň kämil derejede ýöredilmegi netijesinde asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Bu beýik işleriň her biri umumadamzat bähbitlerinden gözbaş alyp, dünýäde durnuklylygy, parahatçylygy, agzybirligi saklamaga gönükdirilendir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Menzil NURMURADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuserçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.