Habarlar
Habarlar
Parahatçylyk ýolumyz — hoşniýetlilik ýörelgämiz
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan parasatly içeri hem-de daşary syýasatyň netijesinde ýurdumyz parahatçylygyň, abadançylygyň, asudalygyň mekanyna öwrülýär. Muňa aýdyň mysal hökmünde, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa - parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly kabul edilen Kararnamany agzap geçmek bolar.
SANLY BILIM ULGAMY – ÝAŞ NESLIŇ KÄMILLIGINIŇ BINÝADY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän bilim diplomatiýasynyň netijesinde milli bilim ulgamymyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri, ýaş nesillerimiziň kämil bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri açýar.
WATANYŇ BUÝSANJY – BAGTYÝAR ÝAŞLAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin döwlet derejesinde uly tagallalar edilip, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, döwrebap bilim, oňat dynç almaklary bilen bagly meseleler hemişe üns merkezinde saklanýar. Ýaşlaryň hukuk hem-de durmuş goraglylygyny üpjün etmek, aň-bilim, zähmet başarnyklaryny ýüze çykarmak babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär.
PARAHATÇYLYGYŇ, YLALAŞYGYŇ WE DOSTLUGYŇ ÝURDY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli we aýdyň maksatly işler netije berýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär. Bu gün parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň merkezine öwrülen Garaşsyz Türkmenistanyň gazanan hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berýär.
ÝURDUMYZYŇ EKOLOGIÝA HOWPSUZLYGY
Türkmenistan tebigy baýlyklara baý ýurtdur. Häzirki wagtda ýurdumyzda tebigaty goramak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Daşky gurşaw bilen gatnaşygy sazlaşykly guramaga, ekologiýa taýdan arassa ykdysadyýeti döretmäge möhüm ähmiýet berilýär. Daşky gurşaw, ýagny tebigat adamzadyň iň uly baýlygydyr.
YLYM-BILIM — ÖSÜŞLERIŇ AÇARY
Dünýä ýüzünde günsaýyn özgerýän ylmyň, bilimiň, tehnologiýanyň ýeten derejesini özleşdirmek, ony milli tejribede durmuşa geçirmek iň möhüm ugurlaryň hatarynda öňe çykdy. Milli ykdysadyýetiň ösüşiniň özeninde duran ylym-bilim ulgamynda özgertmeler yzygiderli geçirilýär.
Saglyk - ruhy gymmatlyk
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Halkymyzyň saglygyny ýurduň baýlygyna deňeýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladasy bilen, her bir raýatyň sagdyn bolmagy ugrunda ähli şertler döredilýär.
Saglyk – ruhubelentligiň binýady
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistan döwletimizda halkymyzyň saglygy goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär.
GALLALY MEÝDAN – TYLLALY MEÝDAN
Ene ýeriň hakyky eýeleri bolan gallaçy daýhanlaryň arly ýyllap çeken yhlasly zähmetleri ýerine düşendiginiň alamaty hökmünde şu günler ak bugdaýly pellerde nurlanýan bol galla hasyly buýsanjyňy goşalandyrýar. Babadaýhanlarymyza berilýän ýeňilliklerden giňden peýdalanyp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek işine oba hojalyk işgärleri saldamly goşant goşýar. Galla oragyna ak pata bermegi bolsa Watanymyzyň ak ekinli meýdanlarynda hyjuwly zähmetiň joşmagyny alamatlandyrýar.
Ylymly-bilimli, bagtyýar ýaşlar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýarlygyň gujagynda her bir güni ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara, şanly senelere beslenýän ýurdumyz gözümiziň alnynda gülläp ösýän, tanalmaz derejede özgerýän, raýatlaryna eşret paýyny boldan eçilýän jenneti mekana öwrülýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.