Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­laryň ýurdy

09-12-25

Pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň ýo­ly bi­len öňe bar­ýan ýur­du­myz­da halk bäh­bit­li be­ýik iş­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len hal­ky­my­zyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýö­rel­ge­si dün­ýä ýa­ýyl­ýar. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­tyn­dan göz­baş al­ýan da­şa­ry sy­ýa­sat üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýär, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan uly gol­da­wa eýe bol­ýar.

Ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy dün­ýä­de hyz­mat­daş­ly­gyň, hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ryň ös­me­gi­ne ne­ti­je­li go­şant goş­dy. Hut şu nuk­daý­na­zar­dan, Türk­me­nis­tan dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň me­ka­ny hök­mün­de giň­den ta­nal­ýar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýa, öňe sürülýän başlangyçlar bütin dünýäde giňden makullanylýar hem-de giň goldawa eýe bolýar. Baky Bitarap Türkmenistanyň oňyn tekliplerinden ugur alnyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi dünýä döwletleriniň ýurdumyza bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde abadan durmuşyň dabaralanmagyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de oňyn başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan köp sanly Kararnamalaryň kabul edilmegi öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly bolan Bitarap döwletimiziň parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.

Ösüş-öz­ge­riş­le­riň eý­ýa­my — Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň ab­raý-mer­te­be­si bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da dur­mu­şa ge­çi­ri­len iş­ler­de umu­ma­dam­zat bäh­bit­li be­ýik iş­le­ri gör­mek bol­ýar. Şeý­le hem ýa­kyn gün­ler­de ýur­du­myz­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy ýo­ka­ry de­re­je­de bel­le­ni­ler. Mä­lim bol­şy ýa­ly, 6-njy no­ýabr­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gur­ban­gu­ly Ber­di­mu­ha­me­do­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly hem-de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li çä­re­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk döw­let to­pa­ry­nyň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di. Hö­kü­met ag­za­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da gu­ra­lan mej­li­siň do­wa­myn­da hal­ka­ra çä­re­le­re de­giş­li gu­ra­ma­çy­lyk, ho­ja­lyk me­se­le­le­ri­niň giň top­lu­my ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mu­nuň özi hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki çä­re­le­re, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­na ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki taý­ýar­ly­gy be­ýan ed­ýär. Bu bol­sa äh­li il­deş­le­ri­mi­zi tüýs ýü­rek­den buý­san­dyr­ýar.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len ba­şy­my­zyň tä­ji, göz­le­ri­mi­ziň röw­şe­ni ata Wa­ta­ny­myz be­ýik ösüş­le­re bes­len­ýär. Bu ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ag­zy­bir­li­gi­niň de­re­je­si­ni kes­git­le­ýän düýp­li öz­gert­me­le­riň ro­waç al­ma­gy­dyr. Şeý­le ro­waç­lyk­lar ýur­du­my­zyň dur­mu­şy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­re güýç­li iter­gi ber­ýär. Şeý­le öz­gert­me­ler­de halk bäh­bit­li, umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li ta­ry­hy wa­ka­la­ry gör­mek bol­ýar. Ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki çä­re­ler hem mu­nuň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.

Dün­ýä de­re­je­sin­de yk­rar edi­len türk­men Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy bel­le­nil­ýän Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň üs­tün­lik­le­re bes­len­me­gi bi­ziň äh­li­mi­ziň buý­san­jy­my­zy art­dyr­ýar. Şeý­le şan­ly we ta­ry­hy gün­ler­de eziz Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­ri, hal­ky­my­zyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýö­rel­ge­le­ri­niň ro­waç­ly­gy wasp edil­ýär. Bu asyl­ly iş­le­re bi­lim iş­gär­le­ri­niň hem my­na­syp go­şant goş­ýan­dy­gy aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr. Umu­ma­dam­zat bäh­bit­li be­ýik iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän, halk­la­ryň dost-do­gan­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun!

Maral ATAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň mugallymy.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.