Habarlar
Habarlar
1682da6bc95b64.jpeg
10 aý ozal
JEMGYÝETÇILIK GURAMALARY: MILLI-RUHY ESASLY BINÝAT

Adam hukuklary barada dürli garaýyşlaryň bar. Çünki adam hukugy düşünjesi köplenç halatda şertli ýagdaýda teswirlenilip, onuň anyk mazmuny milli paýhasyň we tejribäniň gazananlarynyň esasynda kesgitlenilýär. Hut şonuň üçinem şu ýerde türkmençilik atly ýörelgäniň orny barada bellemegi dogry hasap edýäris. Türkmenistanyň iri jemgyýetçilik guramalary öz alyp barýan wagyz-nesihat çärelerinde ýurduň durmuşynda raýatlaryň ornunyň pugtalanmagyna ýardam etmäge çalyşýar.

1664f905e81827.jpeg
2 aý ozal
AK ŞÄHERIM AŞGABAT

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ykdysadyýetde, syýasatda, saglykda, sportda, ylym-bilimde, gurluşyk pudagynda, umuman, durmuşyň ähli ugurlary boýunça uly ösüşler gazanylyp, şöhratly taryhymyzyň altyn sahypalary ýazylýar.

1695b9dca19d80.jpeg
2 aý ozal
Ykdysadyýetiň innowasion ösüşi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyrmak işi ykdysadyýetde innowasion işi çaltlandyrmak, internetden peýdalanmak we maglumat tehnologiýalar ulgamyny ornaşdyrmak arkaly amala aşyrylýar. Muňa esas bolup, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2026 – 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» tassyklamak hakynda kabul eden Karary hyzmat edýär.

1695df8ec5be36.jpeg
2 aý ozal
SANLY YKDYSADYÝET — DÖWLETIMIZIŇ DURNUKLY ÖSÜŞINIŇ MÖHÜM UGRY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli amala aşyrylýar. Bu resminama pudaklary tehnologiýa taýdan özgertmegiň hem-de döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ýurdumyzyň serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysadyýeti ösdürmegiň özboluşly serişdesi bolup durýar.

167f74f5e6c09e.jpeg
1 aý ozal
MILLI KANUNÇYLYGYŇ KÄMILLIGI – ÝURDUŇ BAGTYÝARLYGYNYŇ KEPILI

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir” diýip, halkymyzyň parahat, asuda, bolelin durmuşyny goramagy ýurdumyzyň syýasatynyň esasy maksady hökmünde kesgitledi.

1680c63fb017bf.jpeg
3 aý ozal
DÜNÝÄDE BELENT YKRARNAMA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly içeri we daşary syýasaty dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Oňyn Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, abadançylygy, hoşniýetli goňşuçylygy ýörelge edinýän Türkmenistan barha belent sepgitlere eýe bolýar. Bu günki gün ýurdumyzyň abraý-mertebesi belende göterilýär.

1680cad8acc9f3.jpeg
5 aý ozal
NESIL TERBIÝESINDE MILLI TÜRKMENÇILIK MEKDEBI

Halkyň ýaşaýyş-durmuşy bilen deň derejede ösýän edep-terbiýe kämilleşýär, arkama-arka dowam edýän ýörelgelere öwrülýär. Ýaş neslini eý gören ata-babalarymyz nesillere asylly däpleri, halallyk ýoluny hem-de edep-terbiýäni miras galdyrypdyr. Asyllylyk, halallyk, Watana wepalylyk, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeleri ýaşlaryň aňyna guýmak döwrümiziň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar.

1682c1257f0a34.jpeg
10 aý ozal
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

1682aff02cf885.jpeg
10 aý ozal
INNOWASION ULGAMYŇ BATLY GADAMLARY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurdumyzda uzakmöhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, esasy önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşlerini awtomatlaşdyrmaga we merkezleşdirilen tertipde dolandyrmaga, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze döwrebap iş orunlaryny döretmäge giň mümkinçilikli şertleri döreder.

1682afd79f379b.jpeg
10 aý ozal
AŞGABAT — GELJEGIŇ ŞÄHERI

Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheri gün-günden gözelleşýär, özüniň milli binagärlik äheňindäki häzirki zaman ymaratlary bilen kalbyňa şatlyk çaýýar. Şäheriň keşbi tebigatyň görki bilen özara sazlaşygy emele getirýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, paýtagtymyz Aşgabat tanalmaz derejede özgerip, esasy syýasy, ykdysady we işewürligiň halkara merkezine öwrüldi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.