Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy dünýä ýaýraýar
07-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär. Şeýle wakalaryň biri hem gün-günden ösýän, özgerýän Berkarar Watanymyzyň Bitaraplyk hukugyna eýe bolmagydyr.
Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi göwnümizi galkyndyrýar.
Bu barada hormatly Prezidentimiz: “Bitaraplyk taglymaty mähriban Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana, bagtyýar halkymyza ýeňişleri gazanmaga ruhy güýç berýär hem-de halklaryň arasynda parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýola goýulmagyna oňyn täsir edýär” diýip belleýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletlerimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda ýurdumyzyň alyp barýan syýasaty dünýä bilelişigi tarapyndan goldanylýar.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň bu Guramanyň deňhukukly agzalygyna kabul edilýändigi hakynda karar kabul edildi. Agza ýurtlaryň her biri Birleşen Milletler Guramasynyň Ustawynda beýan edilen, halkara gatnaşyklarynyň esasy ýörelgelerine esaslanýan şertleri öz üstüne borç edip alýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 185 döwletiň wekilleriniň biragyzdan goldamagynda Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy barada ýörite ykrarnama kabul etdi. Munuň özi Türkmenistanyň parahat söýüjilige, oňyn Bitaraplyga eýerýän daşary syýasatynyň bütin dünýä ýüzünde ykrar edilmegidir.
2015-nji ýylda gaýtadan kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýa ähmiýeti boýunça 1995-nji ýylda kabul edilen Rezolýusiýa barabardyr, halkara derejesinde ykrar edilmegiň subutnamasydyr. Bu resminama 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy Mejlisinde 193 agza döwletler tarapyndan biragyzdan gaýtadan kabul edildi. BMG we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldanylýan Türkmen Bitaraplygy täze türkmen taryhynyň şanly sahypalaryna mynasyp adyny ýazýar. Ýagny, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2015-nji ýyl «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýlip yglan edilipdi.
2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu waka eziz Watanymyzyň dünýä giňişliginde uly abraýynyň bardygynyň hem-de sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge mynasyp goşandynyň ählumumy ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Bitaraplyk Türkmenistanyň halkara arenadasyndaky hereketini kesgitleýän düýpli ýörelgesidir. Türkmenistanyň Bitaraplygy – häzirki zamanyň esasy meselelerine düýpli göz ýetirmekdir we olary has giň tejribe esasa daýanyp çözmeklige çalyşmakdyr. Hakykatda oňyn garaýyş esasynda, konstruktiw çözgütleriň gözlegine we durmuşa geçirilmegine gönükdirlen, ilerleýji häsiýetli, anyk hereketde bolan halkara gatnaşyklarnyň modelidir.
Parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň işine goşulmazlyk, özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, halkara harby guramalaryna we şertnamalaryna gatnaşmazlyk, deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, islendik ýurduň daşary syýasy strategiýasy onuň içeri syýasatyndan aýrylmazdyr. Biziň döwletimiz jemgyýetde, içerki durmuşynda ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, agzybirlik we sabyrlylyk ýörelgelerini yglan edip, bu düşünjeleri dünýä döwletleri bilen özara gatnaşyklarynda hem ileri tutýar. Sözüň doly manysynda türkmen Bitaraplygy içerki döwlet gurluşynyň mäkäm ahlak binýadyna daýanyp, onuň logiki dowamy hem-de halkymyzyň özboluşlylygynyň iň gowy aýratynlyklarynyň beýany bolup durýar.
Türkmenistan beýleki döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, birek-birege ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda özara gatnaşygyny ösdürýär we köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýar. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, işjeň durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” syýasaty, halkara kadalaryna laýyklykda daşary ýurt maýa goýumlarynyň goralmagynyň kepillendirilmegi, daşary ýurt telekeçiligi üçin amatly şertleriň döredilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň iňňän baý tebigy serişdeleri, amatly geosyýasy ýagdaýy, syýasy durnuklylyk, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň daşary ýurt maýa goýujylaryny birsyhly özüne çekýänligi özüniň oňyn netijelerni berýär.
Türkmen Bitaraplygy şu günüň hakykatydyr, ýurdumyzyň bagtyýar şu gününiň we nurana geljeginiň ygtybarly kepilidir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda dünýäniň ýüzlerçe döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, olaryň ýüzden gowragy bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýar, şeýle-de ýurdumyz dünýäniň iri halkara guramalarynyň kyrkdan gowragynyň agzasy bolmak bilen, olaryň işine işjeň gatnaşýar
Biz bu günki gün Halkara Bitaraplyk gününi uly şatlyk-şowhun bilen garşy almaga taýýarlyk görýäris. Şu pursatda bu ajaýyp baýram bilen Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, tutuş halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris!
Ýazmuhammet ORAZBERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyñ assistenti.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.