Habarlar
Habarlar
1682af107cf85c.jpeg
10 aý ozal
YLYMLY DÖWLET OZAR

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ösüşlere beslenýän bagtyýarlyk döwründe ylmy ösdürmäge, milli ykdysadyýetimizi ylmy esasda alyp barmaga uly üns berilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda ylym ulgamyny kämilleşdirmek hakynda”, “Türkmenistanda ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamagy üpjün etmek hem-de ylmy taslamalara döwlet maliýe goldawyny bermek hakynda” Kararlara gol çekmegi  hem-de olaryň üstünlikli amala aşyrylmagy doly şaýatlyk edýär.

167d263fb879ba.jpeg
3 aý ozal
PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK HEM-DE HALKARA HYZMATDAŞLYK ÝÖRELGELERINE ESASLANÝAN SYÝASAT

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa ornaşdyrylýan beýik işler halkymyzyň bähbidini nazarlaýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz ähli ugurlar boýunça döwrebap özgertmeleri durmuşa geçirýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz dünýäde belent abraýa eýe bolýar, halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar.

1682aef019feb7.jpeg
3 aý ozal
Baglar – sagdynlygyň özeni

Ýaşaýyş üçin howa-da, suw-da gyradeň zerur. Suwuň yzgary bilen Günüň tyllaýy şuglasynyň düşüp duran ýerinde ýaşaýşyň ýaşyl ýakymyny görmek bolýar. Elbetde, «Ýer ala, ýurt ala» diýleni. Her ýurduň öz ýerleşiş geografýasynyň howa şertlerine laýyklykda önüp-ösýän ösümlikleridir agaçlary bolýar. Bu babatda tebigatyň gurluşy diýseň täsin hem-de göz öňüne getirip bolmajak derejede kämil.

16827579ddd4e2.jpeg
10 aý ozal
Baş Kanunymyz — bagtyýarlygymyzyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji gününden başlap, biz taryhy wakalaryň, buýsançly pursatlaryň şaýady bolup gelýäris. Toýlary toýlara ulaşýan, gurmagyň, döretmegiň özboluşly nusgasyny dünýä ýaýýan halkymyz ýene bir ajaýyp baýramy — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi uly dabaralara besleýär.

16827585e7c6dd.jpeg
10 aý ozal
Agzybirligiň, jebisligiň we ösüşiň aýdyň ýoly

Ýene sanlyja günden ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni uludan belleniler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda milli gymmatlyklarymyza, asylly ýörelgelerimize belent sarpa goýulýar. Türkmen halkynyň agzybirligini we ýurdumyzyň berkararlygyny alamatlandyrýan döwlet baýdagymyz we Türkmenistanyň Konstitusiýasy başymyzyň täjidir.

16952cdf685d75.jpeg
2 aý ozal
SANLY BILIM ULGAMY BARHA KÄMILLEŞÝÄR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan işleri döwrebap ösdürip, öz milli köklerimiz esasynda guramak, ösüp gelýän ýaş nesli ata-babalarymyzyň göreldesinde terbiýelemek mugallymlaryň öňündäki esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

168271a0ecb479.jpeg
5 aý ozal
NESIL TERBIÝESINDE MILLI ÝÖRELGELER

Halkymyz edep-terbiýä döwletliligiň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde garaýar. Pederlerimizden miras galan nakyllar bolsa çagalarda irki ýaşdan başlap, oňat häsiýetleri terbiýelemäge ähmiýet berlendigini subut edýär. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýelemek ýörelgesine ygrarly halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu ugura aýratyn üns berýär.

168270d78a441f.jpeg
10 aý ozal
BAGTYÝAR NESIL – ÝURDUŇ RÖWŞEN GELJEGI

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hil taýdan ýokary derejesini üpjün edýär.

168f8680ec4630.jpeg
3 aý ozal
Sport - sagdynlygyň we ruhubelentligiň özeni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşlere beslenýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän taýsyz tagallalary bilen şu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň sport giňişliginde mertebesini dünýäniň belent derejesine çykaryp, bu ugurda möhüm ähmiýete eýe bolan halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek ugrunda Bütindünýä welosiped güni giňden bellenip geçilýär.

168f53beb5ecc7.jpeg
2 aý ozal
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.