Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda "ylym-bilim-önümçilik" arabaglanyşygyny gazanmagyň orny
30-01-26
Watansöýüji, ýokary ahlakly, ynsanperwer, ylym-bilimli ýaşlary kemala getirmek esasy maksatlaryň hatarynda kesgitlenip, ýurdumyzda bu ugurda köpugurly işler amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, ýaş hünärmenleriň ýurdumyzyň saglyk, ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryna, ylymly-bilimli nesiller hökmünde ösüşlere mynasyp goşant goşmaklary möhüm borç hem wezipe bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde, saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap ösdürmäge, oňa ylmyň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmaga, pudagy ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berýär. Talyplary hünäre ugrukdyrmak, saýlap alan ugurlaryna söýgini berkitmek, kämil hünärmenler bolup ýetişmegini gazanmak nukdaýnazaryndan ugur alnyp, ýokary okuw mekdebimizde okuw maksatnamalary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.
Ýurdumyzda ýokary bilimli, kämil ahlakly, özbaşdak çözgüt kabul edip bilýän, işjeň hünärmenleri taýýarlamak möhüm wezipeleriň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, dünýäde intellektual we tehnologik bäsdeşligiň döwründe bilim döwletimiziň döwrüň talabyna laýyklykda hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün edip biljek kesgitleýji şert bolup durýar. Şoňa görä, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dalaşgärlere dürli ugurlar boýunça bilim almagy hödürleýär. Şunda bu ugurlaryň üsti yzygiderli ýetirilýär, täze-täze hünärler açylýar. Ylmyň we tehnikanyň gazananlary, öňdebaryjy tejribe önümçilige, bilim, medeniýet, durmuş ulgamlaryna işjeň ornaşdyrylýar. Jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady, medeni ösüşiniň esasy hökmünde bilim syýasatynyň kanunçylyk taýdan berkidilmegi “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda öz beýanyny tapýar.
Okadylýan ähli dersler boýunça döwrebap elektron kitaplar, wideo-audio materiallar, gollanmalar, okuw-görkezme esbaplary taýýarlanylýar. Tejribeli professor-mugallymlaryň geçýän umumy sapaklarynyň wideo we audio ýazgylary, elektron kitaplardyr gollanmalar, sapaklarda ulanylýan audio-wideo gollanmalar, elektron okuw-görkezme esbaplary jemlenip, elektron gor döredilýär. Şu okuw ýylynda kitaplar we gollanmalar, okuw maksatnamalary jemlenip, bitewi okuw-usuly toplumy taýýarlanyldy. Bu bolsa, öz nobatynda, geçilýän sapaklaryň netijeliligini üpjün edýär.
Okuw sapaklarynyň täsirliligini ýokarlandyrmakda ýokary okuw mekdebimizde hereket edýän elektron kitaphananyň-da ähmiýeti uludyr. Bu ýerde talyplaryň taýýarlan kitaphana işini awtomatlaşdyryjy programma ornaşdyrylyp, okyjylara we kitaphana işgärlerine amatlyklar döredildi. Bilim ojagymyzda teleköpri arkaly ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň birnäçe ýokary okuw mekdepleri bilen uzak aralykdan okuwlaryň yzygiderli guralmagy, öz nobatynda, professor-mugallymlarymyza tejribe alyşmaga, hünär taýdan kämilleşmäge ýardam edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda kabul edilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýaşlaryň halkara standartlara laýyk bilim almaklaryna, ata Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmaklaryna, dünýäniň bilim-ylym ulgamynyň gazananlaryndan habarly bolmaklaryna mümkinçilik berýär. Tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologik taýdan ösdürilmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini, olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýan milli sanly bilim ulgamy geljekki ösüşleri kepillendirýär. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňeldilýär.
Daşary ýurtlaryň hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri bilen ýokary okuw mekdebimiziň arasynda baglaşylan Ähtnamalara laýyklykda, ösen halkara tejribäni öwrenmäge mümkinçilik berýän onlaýn okuw maslahatlary geçirilýär. Okuw işlerini döwrebap alyp barmak, talyplara berilýän bilimiň dünýä ülňülerine gabat gelmegini gazanmak maksady bilen, saglygy goraýşyň öňdebaryjy kärhanalarynda okuw we önümçilik tejribelikleri, göçme okuw sapaklary yzygiderli guralýar.
Ýaşlaryň alan döwrebap bilimleri milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda iş ýüzünde peýdalanylýar. Çünki häzirki wagtda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça giň möçberli özgertmeler maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Hil taýdan täze derejä çykarylan milli bilim ulgamy döwrebap tehnologiýalary, intellektual mümkinçilikleri özleşdirmek babatda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyny aýdyň görkezýär.
Döwletimizde ylym-bilim ulgamyna berilýän goldaw ýyl-ýyldan artýar. Ylmy-amaly barlaglary geçirmek, geljegi uly ugurlarda alnyp barylýan ylmy barlaglaryň görnüşlerini artdyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda dünýäniň ylmy-tehniki ösüşini we döwür bilen aýakdaş gadam urýan alymlarynyň özboluşly işläp taýýarlamalaryny özünde jemleýän döwrebap, düýpli ylym binýady kemala gelýär. Häzirki zaman dünýäsinde saglygy goraýyş ýaly ähli pudaklaryň ösmeginde maglumat tehnologiýasy esasy rol oýnaýar. Lukmançylyk hünärmenleriniň we tehnologiýalarynyň özara täsiri lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, keseliň anyklaýşyny çaltlaşdyrmaga gönükdirilendir.
Saglygy goraýyş maglumat ulgamlary hünärmenler tarapyndan netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek üçin möhüm tehnologiki esas hasaplanýar. Lukmanlary, hassalary we edaralary bir ulgama birleşdirýän ählumumy maglumat meýdançasyny döredýär. Üznüksiz bilimde maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary (IKT) maslahat beriş kömegini, terbiýeçilik we toparyň özara täsirini ösdürmek arkaly hünär işlerinde işjeň goldaw bermäge gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmegiň maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli zerur şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Atamyrat BERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmasiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.