HEMIŞELIK BITARAPLYK ÝÖRELGÄMIZ – BAGTYÝAR ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY

06-12-25

Hemişelik Bitaraplyk ýurdumyzyň parahatçylykly ösüşini aýdyň beýan edýär. Bu asylly ýörelge halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen gymmatlyklaryndan, parahatçylyk söýüjilik ýolundan gözbaş alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik syýasaty netijesinde bu asylly ýörelgämiz dünýä ýaýylýar. Dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini wagyz etmek, halklar bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy saklamak müňýyllyklardan gelýän asylly ýolumyzdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlar rowaçlanýar. Bu beýik başlangyçlar ýurdumyzyň we dünýä halklarynyň parahat we abadan durmuşyny üpjün etmekde berk binýatdyr. Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry, 2015-nji ýylyň 3-nji iýuny we 2025-nji ýylyň 21-nji marty - bu şanly seneler halkymyzyň taryhynda aýratyn orun eýeleýär. Çünki şol senelerde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda deňi-taýy bolmadyk Kararnamany kabul etdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä bileleşigi tarapyndan üç gezek ykrar edildi. Bu taryhy seneler ähli halkymyzda buýsanç döredýär, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Şeýle hem, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllyk ýubileýiniň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen utgaşmagy ýurdumyz üçin aýratyn ähmiýetlidir.

Häzirki döwürde halkymyz abadan we parahat durmuşa buýsanyp, ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşandyny goşýar. Parahatlyk, ynsanperwerlik ýaly asylly maksatlaryň hatyrasyna öňe sürülýän başlangyçlar hoşniýetli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda berk binýat bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisindäki çykyşy çuňňur many-mazmuna eýedir. Hormatly Prezidentimiz taryhy ähmiýetli beýik başlangyçlary öňe sürüp, medeni diplomatiýanyň taglymatyny, köpdilli diplomatiýany beýan etdi. Bularyň ählisi halklaryň arasyndaky dost-doganlygy pugtalandyrmakda belent başlangyçdyr, beýik taglymatdyr. Ýakynda Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda geçen göçme sapagymyzyň hem asyl özeni şu meselelere bagyşlandy. Gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, bu ugurdaky beýik başlangyçlar hemişelik Bitarap Türkmenistana uly halkara abraý getirdi.

Hormatly Prezidentimiz “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynda şeýle belleýär: “Durmuşda ähli zat biri-biri bilen bagly. Parahatçylyk, gülläp ösüş, asuda asman, abadan durmuş ýaly düşünjeler bolçulygyň, bagtyýar ýaşaýşyň açary hasaplanýar. Sebäbi bolçulyk üçin abadan durmuş, bagtyýar ýaşaýyş üçin bolsa parahatçylyk hem gülläp ösüş gerek. Biziň ýurdumyzda bularyň ikisi-de bar. Ilatynyň bagtyýar ýaşaýşyny, ykdysadyýetiniň gülläp ösüşini üpjün edýän ata Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýy, tutýan orny, ýurdumyzda geçirýän durmuş-ykdysady özgertmelerimiz ilatyň sanyna, ýaş düzümine hem täsirini ýetirýär”. Ynha, şeýle çuňňur many-mazmuna ýugrulan ajaýyp sözler biziň hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimize buýsanjymyzy, söýgimizi has-da artdyrýar.

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny ýöredýär, bu ýol bütin dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe boldy. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwlet bolup, parahatçylyk söýüjiligi dünýä ýaýýar, umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýär. Hemişelik Bitaraplygyň çuňňur many-mazmuny bardyr. Bitaraplyk asudalyk we ýurduň ykdysady, syýasy taýdan has-da ösmegi, dünýäde halkara hyzmatdaşlygyň giňemegi, hoşniýetli gatnaşyklaryň barha ynamly ýola goýulmagydyr. Şeýle hem hemişelik Bitaraplygyň umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlary ýola goýmakda we asylly ýörelgelerde uly manysy bardyr. Bu babatda Halkara Bitaraplyk gününi has-da dabaralandyrmak maksady bilen, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem bellärliklidir.

Türkmenistan dünýäniň döwletleri bilen diplomatik gatnaşygy ýola goýup, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürýär. Şeýle hem ýurdumyz taryhy, syýasy, ykdysady we medeni aragatnaşyklar arkaly baglanyşýan goňşy ýurtlar bilen hoşniýetli gatnaşyga aýratyn üns berýär. Olar bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna, ähli pudaklarda giň hyzmatdaşlygyna öz daşary syýasy maksatlaryna üstünlikli ýetmeginiň, özygtyýarlylygyny we Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny gorap saklamagyň wajyp kepili hökmünde garaýar. Häzirki wagtda Türkmenistan goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürip, netijeli işleri alyp barýar. Bularyň ählisi ýurdumyzyň hoşniýetli ýörelgelere, dost-doganlyk ýoluna ygrarlydygyny aýdyň beýan edýär.

Aýsoltan PIGAMOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Çaga keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň assistenti.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.