Spor­tuň saglyga peýdasy

20-02-26

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Diýarymyzda sport köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Döwrebap däpleriň birine öwrülen Bütindünýä saglyk gününiň baýram edilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sport, ekologiýa abadançylygyna gönükdirilen çäreler geçirilýär. Ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterli bolan ulagyň bu görnüşi saglyk üçin örän uly ähmiýete eýeligi, beden taýdan taplanmaga ýardam berýänligi, ekologik howpsuzlygyny üpjün etmäge uly goşant goşýanlygy bilen watandaşlarymyzyň ünsüni özüne çekýär. Şu nukdaýnazardan watandaşlarymyzyň durmuşynda aýratyn orun eýelär. 

Spor­tuň sag­ly­ga peý­da­sy­nyň ulu­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Şo­nuň üçin hem sport gö­zel­lik hem sag­dyn­lyk hök­mün­de yk­rar edil­ýär. Sport — saz­la­şyk hem ru­hu­be­lent­lik, sag­dyn bol­ma­ga kuw­wat­ly iter­gi ber­ýän güýç, sag­ly­gyň göz­ba­şy. Ýaş nes­liň be­den taý­dan sag­dyn bol­ma­gy üçin spor­tuň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Hut şo­nuň ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da gur­lup ulan­ma­ga ber­len sport des­ga­la­ry­nyň on­lar­ça­sy in­di en­çe­me ýyl bä­ri hal­ky­my­zyň hyz­ma­tyn­da.

Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň il­kin­ji ga­dam­la­ry­nyň ru­hu­be­lent­lik­den we sport­dan baş­lan­ýan­dy­gy mä­lim­dir. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni gün­de­lik ýa­şa­ýyş-dur­muş en­di­gi­ne öw­ren hal­ky­myz bu ba­bat­da­ky mi­ze­mez ýö­rel­ge­le­ri, ta­ryh­dan bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýe­ten däp­le­ri has hem ös­dü­rip baý­laş­dyr­ýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sporta ösüşiň, parahatçylygy hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmagyň guraly hökmünde garalýar. Ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde sport diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini giňden ulanýar. Türgenlerimiziň iri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanmaklary ýurdumyzyň halkara derejesinde sport abraýynyň artmagyny üpjün edýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary netijeli sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek ugrunda edilýän tagallalaryň netijesidir.

Türk­men hal­ky­nyň na­kyl­la­ryn­da «Bar za­dyň sa­ka­sy sag­lyk» di­ýen pä­him bar. Mu­ňa dog­ry dü­şün­ýän ra­ýat­la­ry­myz dür­li maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­rip, sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ýar­lar. Ylaý­ta-da, ru­hy zäh­met bi­len meş­gul­lan­ýan adam­la­ra maşk­la­ryň gör­nüş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek diý­seň ze­rur. Bu bol­sa uzak gün­ki çek­jek zäh­me­ti­ňe hy­juw­ly ýa­pyş­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de sag­dyn dur­mu­şyň ös­dü­ril­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Yn­ha, ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de sport top­lum­la­ry­nyň, be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş mer­kez­le­ri­niň, ýö­ri­te sport mek­dep­le­ri­niň bar­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça Di­ýa­ry­myz­da be­ýik iş­ler dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Yn­san üçin iň gym­mat­ly zat onuň sag­ly­gy­dyr. Yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak we onuň öm­rü­ni uzalt­mak yn­sa­ny­ýe­tiň ar­zuw­lap ge­len esa­sy is­le­gi­dir. Hä­zir­ki wagt­da bu ar­zuw-is­leg­ler bi­ziň ata Wa­ta­ny­myz­da ha­ky­ka­ta öw­rül­ýär. Mu­nuň özi eziz Di­ýa­ry­myz­da äh­li ta­gal­la­la­ryň sag­dyn jem­gy­ýe­ti gur­ma­ga, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar, asu­da, bo­le­lin dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­na gö­nük­di­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde Watanymyz dünýäniň sport merkezleriniň birine, Olimpiýa hereketiniň dabaralanýan ýurduna öwrülýär. Bu günki şatlykly günlerde mähriban halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini Ýer ýüzüne ýaýmakda  Türkmenistanyň aýratyn goşandyny dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär.

Ynsanperwerligiň, dostanalygyň belent nusgasyny öňe sürýän, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda dyngysyz alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Jora MYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Maşgala lukmançylygy boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň assistenti.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.