«Dialog — parahatçylygyň kepili»
09-12-25
Arkadagly Gahryman Serdarymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde eden çykyşynda: «Türkmenistan şu gezekki sessiýanyň dowamynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň taslamasyna seretmegi teklip eder» diýip, adamzadyň öňünde duran meseleleri çözmekde bitaraplygyň, şol sanda türkmen Bitaraplygynyň paýhas esaslarynyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmagyň wajypdygyny aýtdy. Bu ýerde öňe sürlen pikir häzirki döwrüň zerurlygyndan gelip çykýar.
Häzirki zamanda dürli ýurtlaryň, halklaryň medeni, dini ynanç, ruhy we beýleki aýratynlyklarynyň dünýäniň ählumumylaşýan döwründe ýüze çykýan meselelere düşünişmegi kynlaşdyrýan pursatlary ýok däl. Şeýle ýagdaýda döreýän meseleler dürli halklaryň degişli ýaşaýyş aýratynlyklaryna hormat goýmak bilen bir hatarda, adamzady birleşdirýän, adamlary biri-birine ýakynlaşdyrýan, özara düşünişmäge ýardam edýän gymmatlyklary işläp düzmek arkaly çözülip bilner. Adamzadyň taryhynda kemala gelen parahatçylygy we howpsuzlygy ykrar edýän bitaraplyk ýörelgeleri şol gymmatlyklaryň ýüze çykmasy bolýar diýsek ýalňyşmarys. Türkmen Bitaraplygynyň tejribesinde ol aýdyň görünýär. Biziň Bitaraplygymyzyň paýhas esaslary iň gadymy halklaryň biri bolan türkmeniň geçen taryhy ýoly bilen kesgitlenen, halklary, medeniýetleri birleşdiriji gymmatlyklardyr. Geçen otuz ýylyň içinde bu esaslar has hem kämilleşip, uly täsirlilige eýe boldy.
Biz oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldyk we onuň düýpli düzgünlerini işläp taýýarladyk. Şonda Bitaraplygyň ýörelgeleriniň ylmy-nazaryýet esaslaryna we ony halkara derejede amal etmegiň tejribesine hem eýe bolmaly bolduk. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bitiren işleri aýratyn bellärliklidir.
Döwletleriň dünýä syýasatynda özara ylalaşykly hereket etmekleriniň ýeke-täk şerti milli we umumadamzat bähbitlerini sazlap, birek-biregiň durmuş zerurlyklaryny adalatly hasaba almaklary bilen bagly bolýar. Şu pähimden ugur alyp, alym Arkadagymyz özüniň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde umumadamzat derejesinde «hususy» halas boluş pikiriniň ýol almajakdygyny belleýär. Onda «milli bähbitler ähli zatdan ileri» diýip alnyp barylýan syýasat hem adamzat ösüşiniň şu günki ynsanperwer ýörelgeleri we kadalary bilen bir ýere sygmaýar. Elbetde, islendik döwlet işgäri, ilki bilen, öz halkynyň abadan ýaşamagy barada alada etmelidir. Şonuň bilen birlikde, ol öz halkynyň bütin adamzat bilen bitewüligine düşünmelidir. Şoňa görä-de, milli bähbitler bütin dünýäde şol meseleleriň çözülişi bilen ugurdaşlykda, dünýä bileleşiginiň isleglerine laýyklykda we barabarlykda goralmalydyr. Şu babatda Gahryman Arkadagymyz «Ählumumy derejede pikirlenmek, belli bir ýeriň zerurlyklaryna görä hereket etmek» diýen ýörelgäni öňe sürýär. Türkmen Bitaraplygy esasynda geçen döwürde bitirilen işler barada pikir edilende, hut şu jümleden gelip çykýan, milli we umumadamzat bähbitlerini sazlaşdyrýan täsirli, paýhasly ýörelgeleriň öňe sürlendigini bellemeli. Olar «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Halka daýanyp, halkyň hatyrasyna», «Parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili».
Türkmen döwleti öz bitaraplyk syýasaty bilen dünýä döwletleriniň we halklarynyň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmak, halkara gatnaşyklarda ynanyşmak medeniýetini ösdürmek we giňden ýaýratmak babatda yzygiderli işleri alyp barýar. 2024-nji ýylda biziň döwletimiziň başlangyjy bilen BMG tarapyndan «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň mysallarynyň biri boldy.
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde eden çykyşynda: «...ýüzýyllyklaryň dowamynda Günbatar bilen Gündogaryň arasynda medeni köpri bolan Merkezi Aziýa häzirki günde öz taryhy wezipesini gaýtadan dikeldip, dialog, hyzmatdaşlyk babatda dünýägaraýyşlary we gymmatlyklary ýakynlaşdyrmak üçin giňişlik bolmalydyr» diýip belledi, Türkmenistanyň şu gezekki sessiýanyň dowamynda BMG bilen hyzmatdaşlykda hem-de sebitiň ýurtlarynyň, beýleki gyzyklanma bildirýän döwletleriň, halkara institutlaryň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşamagyň giňişligi» atly halkara forumy geçirmegi teklip etjekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň teklibi biziň sebitimiziň halklarynyň durmuş tejribesine esaslanyp, adamzady ynanyşykly ýaşaýşa çagyryşdyr. Bu ýerde öňe sürülýän pikir geçen ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumda öňe sürlen meseleler bilen hem berk baglanyşykly bolup, türkmen Bitaraplygynyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekdäki ornuny äşgär edýär.
Öz bitaraplyk syýasaty bilen ýurtda we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi gazanmak ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän Türkmenistan bu gün halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolan ýurt hökmünde öňe çykýar. Türkmen döwletiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu gezekki sessiýasynyň dowamynda bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti barada öňe sürjek teklibiniň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilendigini aýratyn nygtamak gerek.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Tawus DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň okuw bölüminiň müdiri.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.