Türkmen Bitaraplygynyň oňyn ýörelgesi bütin dünýä äşgär

12-12-25

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli giň gerimli çärelere beslenip, parahatçylyk söýüjilik taglymaty, döwletleriň arasyndaky ynanyşmagy berkitmek ugrundaky tagallalary dünýä ýaýýar. Türkmenistan BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen, Esasy Kanunymyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplyk derejesi esasynda dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda ösdürýär.

Şu ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde kabul edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasynda ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde tutýan işjeň we oňyn orny ýene bir gezek ykrar edildi.

Bu gün Bitararaplyk ýörelgeleriniň parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy berkitmek bilen birlikde, durnukly ösüşi gazanmaga, asuda-abadan ýaşaýşy üpjün etmäge, dünýä hem-de sebit döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge oňyn täsir edýändigini Türkmenistanyň tejribesi aýdyň görkezýär. Türkmen bitaraplygynyň ykdysady ugry hem möhüm ähmiýete eýedir. Bu ugur ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşini, özara peýdaly daşary ykdysady-söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin zerur şertleriň döredilmegini nazarlaýar. Bitaraplyk derejesi ýurdumyza beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, giňeltmäge, bilelikdäki sebit taslamalaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berdi.

Türkmen Bitaraplygynyň ykdysady jähetleri, ilkinji nobatda, bu halkara hukuk ýagdaýynyň ykdysady hyzmatdaşlyklar üçin amatly syýasy giňişligi döredýändigi bilen baglanyşyklydyr. Ýurduň Bitaraplyk derejesi ykdysady gatnaşyklarda daşary ýurt maýadarlarynyň şol döwletiň ykdysadyýetine gönükdirýän maýa serişdeleriniň yzyna girdejili dolanyp gelmegini üpjün etmekde bar bolan töwekgelçilikleriň derejesini peseltmäge mümkinçilik berýär. Netijede, bu ýagdaý daşary ýurt maýa goýum akymlarynyň milli ykdysadyýetimize gönükdirilmegini şertlendirýär. Häzirki döwürde Turkmenistan dünýäniň köp döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýar. Daşary ykdysady syýasatynyň netijeliligini artdyrmak üçin Türkmenistanda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ýöriteleşdirilen hökümetara toparlar döredilýär. Olaryň işi söwda-ykdysady, maýa goýumlar we beýleki ugurlary öz içine alýar. Bitarap Türkmenistan halkara derejesindäki iri taslamalary durmuşa geçirýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlara iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň, uly senagat toplumlarynyň gurulmagyna işjeň gatnaşmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlaryň hatarynda energiýa geçirijileriň howpsuzlygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreleri, täze ulag-aragatnaşyk geçelgeleriň we üstaşyr ugurlaryň döredilmegi, Merkezi Aziýada parahatçylygyň, durnukly ösüşiň berkarar edilmegi, ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň ýola goýulmagy, bu ugurlarda öňe süren başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi ugrundaky tagallalaryny görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy bilen, ýurdumyz sebitde üstaşyr ulag geçelgesiniň ornuna ymykly eýe bolýar. Türkmenistanyň Ýewropa we Aziýa yklymlarynyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşmegi halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek üçin zerur şertleri döredýär.

Bitaraplyk derejesiniň döredýän amatly şertleriniň esasynda ýurdumyzda durnukly ösüşiň gazanylmagy, jemi içerki önüminiň durnukly ösüş depgini, döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 70 göterimden gowrak böleginiň durmuş maksatlaryna gönükdirilmegi, daşary söwda dolanyşygynyň ýokarlanmagy guwandyryjy ýagdaýdyr, bu ýagdaý bitaraplyk ýörelgeleriniň ösüşiň ygtybarly ugry, döwletleriň arasyndaky ynanyşmagyň bolsa, hyzmatdaşlygyň altyn guraly bolup durýandygyny görkezýär. Bitarap Watanymyzda ykdysady ösüşler, dürli ugurlardaky üstünlikler hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyň netijesidir.

Türkmen Bitaraplygynyň artykmaçlyklaryny, oňyn häsiýetini bütin dünýä äşgär edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Şirinjemal ÝOLLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.