Bitarap Watanymyzyň halkara hyzmatdaşlygy barha pugtalanýar

12-12-25

Şu gün BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň yk­rar edi­le­ni­ne 30 ýyl dol­ýar. Bu şan­ly se­ne Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň 80 ýyl­lyk ýu­bi­le­ýi bi­len saz­la­şyk­ly ga­bat gel­ýär. Şeý­le-de bu şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li döw­le­ti­miz­de hem-de da­şa­ry ýurt­lar­da da­ba­ra­la­ryň we çä­re­le­riň üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da eziz Wa­ta­ny­myz ös­ýär we öz­ger­ýär, tä­ze üs­tün­lik­ler bi­len öňe bar­ýar. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hal­ky­my­zyň asyl­ly ýö­rel­ge­si, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýo­ly dün­ýä ýa­ýyl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da goň­şy döw­let­ler, şeý­le hem Ýer ýü­zü­niň dür­li ýurt­la­ry bi­len pa­ra­hat­çy­lyk­ly, hoş­ni­ýet­li, öza­ra bäh­bit­li giň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­lyk ös­dü­ril­ýär. Şo­nuň esa­syn­da Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy has-da art­ýar.

Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy hem-de dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­me­giň ha­ty­ra­sy­na alyp bar­ýan giň möç­ber­li iş­le­ri bi­len hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gin­de mö­hüm or­na, be­lent de­re­je­le­re eýe bol­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 80-nji ses­si­ýa­sy­nyň ple­nar mej­li­sin­de çy­kyş et­me­gi, be­ýik baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­me­gi aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. Halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost-do­gan­ly­gy pug­ta­lan­dyr­jak bu be­ýik baş­lan­gyç dün­ýä­de uly gol­da­wa eýe bol­ýar. Bu­la­ryň äh­li­si he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­ga esas­lan­ýan ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm sep­git­le­ri­ni ala­mat­lan­dyr­ýar.

Bitarap Watanymyzyň ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde abraýly maliýe guramalary, bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge hem uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulýan ýurt («işjeň synçy») derejesine eýe bolmagy söwda ulgamyny, telekeçiligi, daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boldy. Türkmenistan halkara maliýe derejesini pugtalandyrýar, halkara maliýe guramalary, sebitleýin ösüş banklary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. Ykdysady taýdan ähmiýetli pudaklar yzygiderli kämilleşdirilýär, bu maksatlarda ýurdumyz Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky ýaly abraýly halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär. Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) çäklerinde birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu taslamalar ýurdumyzyň ykdysady, söwda, ulag, energetika ulgamlaryny ösdürmäge, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.

He­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz bu gün dün­ýä­niň iň öň­de­ba­ry­jy, iň ab­raý­ly döw­let­le­ri­niň ha­ta­ryn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­ga örän jo­gap­kär­li çe­me­leş­ýän, se­bit­de we tu­tuş dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dost­lu­gyň, ösü­şiň, öza­ra dü­şü­niş­me­giň ber­ka­rar bol­ma­gy ug­run­da ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­ýän gel­je­gi uly hyz­mat­daş hök­mün­de has-da meş­hur­lyk ga­zan­ýar. Mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň ga­zan­ýan şeý­le uly at-ab­ra­ýy­na buý­san­ýa­rys.

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Habyp HALYLOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.