Bitaraplyk – ýurdumyzyň daşary syýasatynyň baş ýörelgesi
12-12-25
Bu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň merkezine öwrüldi. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berdi. Bitaraplyk ýurdumyzyň halkara giňişliginde daşary syýasatyny kesgitleýän baş ýörelgesidir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy häzirki zamanyň esasy meselelerine düýpli göz ýetirmek bilen, olary dünýä tejribesine laýyklykda, diplomatik ýollar arkaly çözmäge ähmiýet berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, türkmen Bitaraplygy halkara gatnaşyklary ulgamynda Bitaraplygyň taryhynda görlüp-eşidilmedik täze bir sahypany açan tejribedir. Bu ýerde belläp geçmeli möhüm zat, ol hem Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň häzirki zaman halkara hukugynyň düýp özeninde duran parahatçylyk esaslaryndan ugur alýandygydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň düýbünden täzeçil häsiýete eýedigini onuň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilip, goldanylyp düzülen halkara hukuk resminamalaryndan hem görmek bolýar. Otuz ýyl mundan öň, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini almak bilen, parahatçylygyň hatyrasyna taryhy ädim ätdi. Şu ýyllaryň dowamynda döwletimiz Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylyk hem oňyn hyzmatdaşlyk meýdançasyny döretmek bilen, diňe bir öz halkynyň ykbalyna däl, eýsem, sebitiň parahatçylyk hem howpsuzlyk meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmegiň beýik nusgasyny görkezip gelýär.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň düýp manysy hem şondan gelip çykýar. Häzirki wagtda dünýä möçberindäki ählumumy meseleleri çözmekde Türkmenistan ýokary işjeňlik görkezip hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolup galýar. Hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan Bitaraplyk dünýäniň geosyýasy giňişliginde parlak ýyldyz bolup dogan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesidir.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda Bitaraplygyň taryhy kökleri inçelik bilen yzarlanýar. Ynamyň, deňhukuklylygyň, ysnyşyklylygyň girewi hem-de halkymyzyň päkýürekliliginiň, lebzine ygrarlylygynyň aýdyň şöhlelenmesi bolan Bitaraplyk düşünjesiniň many-mazmuny bu kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm wakalar giňden ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bu şanly sene mynasybetli maslahatlar, duşuşyklar, dürli derejedäki dabaraly çäreler geçirilip, olarda Ýer ýüzüniň ähli halklaryna bagtyýar, parahatçylykly we rowaç durmuşy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti beýan edilýär.
Häzirki wagtda türkmen Bitaraplygynyň aýratynlyklary dünýä bilermenleri tarapyndan giňden öwrenilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk esaslary, bu derejeden gelip çykýan borçnamalar ýaş nesle çuňňur öwredilýär.
Şu gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegine 30 ýylyň dolmagy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň taryh üçin uzak bolmadyk döwürde bitiren we bitirjek uly hyzmatlaryna belent sarpa bolmak bilen, Türkmenistanyň ýeten şanly sepgitlerini tutuş dünýä bileleşigine aýdyň görkezer.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.