Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
2025-nji ýylda 3 müňe golaý türkmenistanly zyýaratçy haj saparyna ugradylýar
Şu ýyl Türkmenistandan 2844 zyýaratçy yslam dünýäsiniň mukaddes ýerleri bolan Mekke we Medine şäherlerinde haj parzlaryny berjaý etmekleri üçin Saud Arabystanyna zyýarata ugradylýar. Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň maglumatlaryna görä, 289 adam döwlet serişdeleriniň, galan 2555 adam hem öz serişdeleriniň hasabyna haj zyýaratlaryny amala aşyrarlar diýlip, “Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe günündäki sanynda habar berilýär.
Türkmen wekiliýeti «Çagalar üçin dialog: Merkezi Aziýa we ÝUNISEF» atly ýokary derejeli foruma gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti Daşkent şäherinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen «Çagalar üçin dialog: Merkezi Aziýa we ÝUNISEF» atly ýokary derejeli foruma gatnaşdy. Çäre BMG-niň we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň düzümleriniň wekillerini, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň saglygy goraýyş ministrlikleriniň we beýleki ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi.
Aşgabatda “Türkmentextile Expo-2025” halkara sergisi geçiriler
2025-nji ýylyň 11-13-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň dokma senagatynyň iň täze üstünlikleri we halkara hyzmatdaşlygynda ýeten sepgitleri bilen tanyşdyrýan “Türkmentextile Expo-2025” atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler.
Türkmenistanda iýun aýynyň medeni we sport çäreleriniň meýilnamasy mälim edildi
Iýun aýynda Türkmenistanda medeni, ylym we sport ulgamlaryny öz içine alýan birnäçe baýramçylyk çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahargül Seýidowa anna güni geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde mälim etdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Eýranyň Türkmenistandan importy 22,9% artdy
2025-nji ýylyň 21-nji marty – 20-nji apreli aralygy Eýranyň Türkmenistandan import eden harytlarynyň möçberi düýpli ýokarlandy. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edarasy (IRICA) habar berýär.
Katar we Türkmenistan futbol ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyk baglaşdylar
Kataryň Futbol assosiasiýasy we Türkmenistan futbol ulgamynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Bilim ulgamyny sanlylaşdyrmakda täze tejribeler
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew Hytaý Halk Respublikasynyň «Inspur Software» kompaniýasynyň baş direktory Žao Şaoksiangyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Aşgabat şäheri üçin jemagat ulaglary satyn alnar
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ýöriteleşdirilen awtoulaglary, jemagat tehnikalaryny we enjamlary hem-de olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Changsha Zoomlion Environmental Industry Co., Ltd» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Ýaş aragatnaşykçylar sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanan wagyz-nesihat çäresine gatnaşdylar
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini dabaralandyrmak, sport bilen meşgullanmak we ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
“Aýdyň Gijeler” Android planşetlerini we emeli aňly robotyny tanyşdyrdy
“Aýdyň Gijeler” türkmen kärhanasy 2025-nji ýylyň 24-25-nji maýynda türkmen paýtagtynda geçirilen “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergide Androide esaslanýan 10, 12 we 13 dýuýmlyk portatiw planşetlerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.