Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
16ab60174bbced.jpeg
1 hepde ozal
Türkmenistanda Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener

Türkmenistanda şu ýyl möhüm ähmiýeti bolan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek işine badalga bermek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda eden çykyşynda aýtdy, diýip Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

16ab5fd7a14af1.jpeg
1 hepde ozal
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy

24-nji sentýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda işläp, halal zähmeti bilen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşandyny goşmak arkaly tapawutlanan işgärlere döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabaralary geçirildi.

16ab602f1f1d82.jpeg
1 hepde ozal
Türkmen hünärmenleri sanly dolandyryş boýunça sebit okuw maksatnamasyna gatnaşýarlar

Özbegistanda geçirilen «ICT Week Uzbekistan 2026» çäresiniň çäklerinde Daşkentde Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň degişli döwlet edaralarynyň wekilleri sebit derejesindäki Sanly dolandyryş boýunça okuw maksatnamasynyň (Digital Governance Training Programme) çärelerine gatnaşdylar.

16ab4b1a3e8d75.jpeg
1 hepde ozal
Türkmenistanda 28-nji sentýabr iş güni däl diýip yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda Permana gol çekdi. Şeýle hem Permana laýyklykda, 27-nji sentýabrdaky dynç güni 29-njy sentýabra — sişenbe gününe geçirilýär.

16ab4af3395f14.png
1 hepde ozal
Türkmenistan Pekinde geçirilýän Durnukly ulag boýunça ählumumy foruma gatnaşýar

Türkmenistan Pekinde 22–23-nji sentýabr aralygynda geçirilen 2026-njy ýylyň Durnukly ulag boýunça ählumumy forumyna gatnaşýar. Forumyň çäklerinde Transhazar halkara ulag geçelgesi boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirilip, oňa Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary boýunça döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary gatnaşdy. Bu barada Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň resmi sosial sahypasynda habar berildi.

16ab4ae6540f9d.png
1 hepde ozal
Türkmen wekiliýeti Berlinde geçirilýän “InnoTrans 2026” halkara ulag sergisine gatnaşýar

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň wekiliýeti Berlinde geçirilýän ulag tehnologiýalarynyň halkara “InnoTrans 2026” sergisine gatnaşyp, onda demir ýol pudagynyň iri kompaniýalarynyň wekilleri bilen iş duşuşyklaryny geçirýär. Bu barada sergä gatnaşýan türkmen wekiliýetiniň düzümindäki hünärmen “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdi.

16ab2191082ead.jpeg
1 hepde ozal
Aşgabatda ykdysady innowasiýalar boýunça maslahat geçirildi

Ykdysadyýet toplumynyň mejlisler zalynda «Innowasiýalar we sanly tehnologiýalar ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýçleridir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurduň maliýe we ykdysadyýet toplumyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berdi.

16ab4aff60e487.jpeg
1 hepde ozal
Özbegistan Hazar deňzindäki Türkmenbaşy, Aktau, Baku portlarynda logistika infrastrukturasyny ösdürmekçi

Özbegistan Hazar deňzindäki Türkmenbaşy, Aktau we Baku, şeýle hem Gara deňizdäki Poti we Anakliýa portlarynda logistika infrastrukturasyny ösdürmek boýunça işlere gatnaşýar. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.

16ab216bb300a8.jpeg
1 hepde ozal
Türkmenistanda optiki-süýüm kabelleri öndürýän önümçilik desgasy gurlar

2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Seul şäherinde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň «LS Cable & System Ltd.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

16ab21604448a6.jpeg
1 hepde ozal
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi internet saýtlaryna bildirilýän tehniki talaplary täzeledi

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi internet web-saýtlaryny döretmek we işe girizmek üçin bir bitewi tehniki talaplara üýtgetmeler girizdi. Degişli buýruk Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet belligine alyndy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.