Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar
09-11-26
2026-njy ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kataryň Doha şäherinde geçirilýän Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň (HTB) Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatynyň (PP-26) açylyş dabarasyna gatnaşdy.
2026-njy ýylyň 09-27-nji noýabry aralygynda dowam edýän bu halkara çäre dört ýylda bir gezek geçirilip, telekommunikasiýa we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan HTB-niň ýokary derejeli çözgütleri kabul ediji forumydyr.
Maslahatyň gün tertibinde dünýä telekommunikasiýa infrastrukturasyny giňeltmek, sanly aragatnaşyga maýa goýumlaryny çekmek, aragatnaşyk ulgamlarynyň howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de sanly hyzmatlaryň elýeterliligini giňeltmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Bu gün maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Estoniýanyň Adalat we sanly işler boýunça ministri hanym Liisa-Ly Pakosta bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamyndaky häzirki zaman meýilleri boýunça pikir alyşdylar hem-de telekommunikasiýa we sanly tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçiliklerine garadylar.
Şeýle hem Maslahatyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň ýolbaşçylary we daşary ýurtlaryň aragatnaşyk ministrleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirmegi meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň bu iri halkara maslahata gatnaşmagy Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alyp barýan işleriniň möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär.
Maslahat öz işini dowam etdirýär.
Türkmenistanyň Prezidenti ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça täze wise-premýeri belledi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13-nji noýabrda Demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek hakynda degişli Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Dohadaky halkara forumda sanly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi
Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew Katar Döwletiniň Doha şäherinde geçirilýän Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň 2026-njy ýyldaky Doly ygtyýarly wekiller maslahatynda (PP-26) çykyş etdi. Ministr öz çykyşynda Türkmenistanyň sanly özgertmeler ulgamynda gazanan esasy üstünlikleri barada maglumat berip, telekommunikasiýa pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny kesgitledi.
Aşgabadyň halkara üstaşyr ýolagçylary üçin täze amatlyklaryň döredilmegi meýilleşdirilýär
Aşgabat Halkara howa menziline gelýän halkara üstaşyr ýolagçylary üçin ulag üpjünçiligini ýola goýmak, myhmanhanalarda ýerleşdirmek we olaryň paýtagtyň söwda merkezlerine baryp görmekleri üçin zerur mümkinçilikleri döretmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekilleri Waşingtonda geçirilen tehnologik foruma gatnaşdylar
Purdue uniwersitetiniň garamagyndaky Kreç Tehnologik diplomatiýa instituty tarapyndan guralan forum Ronald Reýganyň Halkara söwda merkezinde geçirildi. Çäre dünýäniň öňdebaryjy bilermenlerini, diplomatlaryny, döwlet edaralarynyň wekillerini we iri tehnologiýa korporasiýalarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi.
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmek, halkara, sebit we sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna beslenen şu ýylyň wakalarynda aýdyň beýanyny tapýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.